Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi

16:2922.06.2022
0
8336

Şu gün Mary şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu hepdelige gatnaşmak üçin Aşgabatdan we ýurduň ähli sebitlerinden gadymy Mary topragynda ýygnanan medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Dabara «Ruhyýet» köşgüniň öňünde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen badalga berildi. Onda Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, türkmen milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri synlanyldy.

Köşgüň esasy zalyndaky dabaralar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Döwlet Baştutanynyň Gutlagy okalandan soňra bu ýerde konsert geçirildi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, hepdelik şu gün öz işini «Mary» myhmanhanasynda geçiriljek «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly halkara media forumy, welaýat kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň we şahyrlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» atly iş maslahaty we şygryýet agşamy, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda wäşileriň çykyşy hem-de «Türkmeniň ak öýi» binasynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň