Türkmenistan Eýran üçin gümrük amallaryny ýeňilleşdirer, ýaş hünärmenler işe kabul edilende ýeňillikli girdeji salgydy belleniler, türkmen wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar

09:4016.06.2022
0
9358

1. Türkmenistan eýranly hyzmatdaşlar üçin töleg ýeňilliklerini girizer we gümrük amallaryny ýeňilleşdirer. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Tähranda eýranly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisi bilen gepleşikleriniň dowamynda belledi.

2. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna ýaş hünärmenler işe kabul edilende ýeňillikli girdeji salgydyny bellemek bilen baglanyşykly goşmaçany girizmek teklip edilýär.

Bilim edarasyny tamamlandan soňky ilkinji zähmet ýylynyň dowamynda ýaş hünärmenler üçin girdeji salgydynyň 50 göterimi möçberinde, ikinji we üçünji ýyllarynda bolsa 25 göterim möçberinde ýeňillikli töleg tertibi ýola goýlar.

3. Türkmenistanda howa menzilleriniň VIP we CIP zallarynda hyzmat ediljek ýolagçylaryň sanawy tassyklandy.

4. Peterburgda 25-nji Halkara ykdysady forumy geçirilýär. Bu çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, ilçi Batyr Nyýazlyýew we Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary wekilçilik edýärler.

5. Türkmenistanyň «Daýhanbank» Döwlet täjirçilik banky internet-banking hyzmatlaryny girizdi. Indi bankyň müşderileri öýden çykmazdan hasaplary, karzlary we olary üzmegiň möhleti barada maglumat alyp bilerler.Bu hyzmaty «Daýhanbank» DTB-niň merkezi binasynda we şahamçalarynda birikdirmek mümkindir. Habarlaşmak üçin: 38-02-55, 38-02-33, 38-01-37.

6. 25-nji iýunda Aşgabatda «Prime Shipping Agency LLC» halkara ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasynyň Türkmenistanyň «Dost Halkasy Söwda Ulag Merkezi» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda halkara ýük daşamalarynyň möhüm meselelerine bagyşlanan maslahat geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin logistika we halkara söwda ulgamlarynyň hünärmenleri çagyrylýar. Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 21 03 76, +993 65 85 26 46.

7. Milli basketbol assosiasiýasynyň 75 ýyllygy mynasybetli meşhur fransuz konýak öndüriji kärhanalarynyň biri bolan «Hennessy» bu içginiň ýubileý tapgyryny çykardy. 1979-njy ýyla degişli bolan «Hennessy Paradis» basketbol pökgüsiniň şekilindäki ýörite gaplara guýuldy. Adaty bolmadyk gaplar «Baccarat» hrustalyndan taýýarlanyp, elde bezelendir. Onda basketbol pökgüsiniňkini ýada salýan altyn çyzyklary görmek bolýar.

8. «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ady «Türkiye Havayollar» diýlip üýtgediler. Milli howa ulaglary edarasynyň adynyň üýtgediljekdigini Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy. Ýatlatsak, 1-nji iýunda BMG ähli resminamalarda daşary ýurt dillerinde Respublikanyň adyny Türkiýe diýip üýtgetmek hakyndaky haýyşyny kanagatlandyrdy.

9. Türkmenistanyň elektron sport federasiýasy 14-nji «IeSF World Esports Championships 2022» çempionatyna gatnaşjak topary düzmek maksady bilen, «Dota2» derejesi boýunça saýlama oýunlaryna gatnaşmak üçin toparlary hasaba almak işleriniň başlanandygyny habar berdi.

10. 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli gatnaşyjylary mälim boldy. Olaryň ahyrkysy sebitara duşuşygynda Täze Zelandiýanyň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykan Kosta-Rikanyň ýygyndysy boldy. Dünýä çempionatynda 32 ýygyndy 8 topara bölünip, özara güýç synanyşar. Halkara futbol ýaryşy 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň