Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşar

12:1415.06.2022
0
10081

15 — 18-nji iýun aralygynda Sankt-Peterburgda 25-nji — ýubileý Halkara ykdysady forumy geçiriler (PHYF-2022).

Bu çärä türkmen wekiliýetinden Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, ilçi Batyr Nyýazlyýew hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary gatnaşar diýip, TASS habar berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň maslahatçysy hem-de PHYF-yň Guramaçylyk komitetiniň jogapkär kätibi Anton Kobýakowyň bellemegine görä, Peterburg forumy Ýer ýüzüniň iň bir giň göwrümli we ähmiýetli halkara çäresi bolmagynda galýar.

«Biz dünýä jemgyýetçiliginiň şeýle dialog meýdançasyna bolan ýokary gyzyklanmasyna şaýat bolýarys. Eýýäm şu günüň özünde birnäçe ýurtlar öz wekiliýetleriniň PHYF-2022-ä gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler» – diýip, Kobýakow belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň