Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we german lukmanlary buýanyň koronawirusyň öňüni almakdaky ähmiýetini maslahatlaşýarlar

01:1520.01.2021
0
19621
Türkmen we german lukmanlary buýanyň koronawirusyň öňüni almakdaky ähmiýetini maslahatlaşýarlar
Surat: mfa.gov.tm

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Mazmuna baý çykyşlaryň barşynda buýan köküniň hem-de onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary dogrusynda pikirler alyşyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu serişdäniň netijeliligi türkmen hem-de daşary ýurt alymlary tarapyndan golaýda geçirilen barlaglar arkaly tassyklanandyr.

Täze koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, tutuş dünýäde wirusa garşy göreşmäge ukyply bolan ýörite serişdeleriň ýüze çykarylmagyna hem-de işlenilip taýýarlanylmagyna gönükdirilen ylmy-barlag işleri has hem işjeňleşdirildi.

Şu nukdaýnazardan, alymlaryň degişli ylmy barlaglary buýandan edilen dermanlyk serişdeleriniň, şeýle hem onuň düzüminiň ähmiýetli bölegini düzýän glisirrizin turşusynyň bejeriş-öňüni alyş babatyndaky görnetin täsirini tassyklaýandyr.

Buýanyň köki gadymdan bäri halk arasynda ýokarky dem alyş ýollarynyň keselleriniň bejergisinde giňden ulanylypdyr we onuň oňyn täsirini nazarda tutmak bilen, türkmen alymlary buýan köküniň ýokanç keselleriniň bejergisindäki ähmiýetini öwran-öwran nygtaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda, bu ösümligiň özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmeklerini dowam edýärler.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň