Türkmenistanyň Prezidentiniň buýan köküniň adam sagylygyny berkitmekde, aýratyn-da koronawirusa garşy göreşmekde örän netijeli dermanlyk ösümligi bolup biljekdigi barada öňe süren başlangyjy dünýä ýüzünde gyzyklanma döretdi. Bu barada MIR-24 teleýaýlymynyň habarçysy Dmitriý Babyşowyň taýýarlan gepleşiginde aýdylýar.
Teležurnalistiň gepleşiginde bellenilişi ýaly, buýandan taýýarlanýan melhemler koronawirusa garşy göreşmek üçin ulanylyp bilner. Bu ösümligiň bejeriş aýratynlyklary ýüzlerçe ýyl bäri belli. Ol demgysma haýyr edip, allergiýany bejerýär we wiruslara garşy göreşýär. Hili we peýdaly aýratynlyklary taýdan bu ösümlik dünýädäki iň oňat ösümlikleriň biridir.
MIR-24 teleýaýlymdan ýaýlyma berlen gepleşikde Türkmenistanyň çäginde buýanyň ösdürilip ýetişdirilişi, ýygnalyşy we ondan dürli melhemleri ýasamakda alnyp barylýan işler barada wideoşekiller arkaly gürrüň edilýär. Türkmen hünärmenleriniň, lukmanlarynyň hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasaty, buýandan dürli melhemleri taýýarlamakda ýola goýlan işler baradaky çykyşlary gepleşigiň ähmiýetini artdyrypdyr.
“Türkmenportal”-yň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy durmakda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanýan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigini belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtamagyna görä, Türkmenistanda süýji buýany ösdürip ýetişdirýän, ondan dürli melhemlikleri taýýarlaýan kärhanalar hereket edýär. Häzirki wagtda ýurduň çäklerinde buýanyň 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi bar. Alymlar buýan köküniň düzümindäki glisirriziniň häzirki döwrüň wehimi bolan koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna päsgelçilik döredýändigini belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda ylmy barlag-işlerini alyp barmak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentine we saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Gepleşigi şu ýerden görüp bilersiňiz!
Şeýle-de okaň: