Altyn asyr kartlarynda amatly we howpsuz SMS ýatlatmalaryny nädip birikdirmeli?

0
42877

Bank kartalary arkaly ýörite bankomatlardan nagt pul almak mümkinçiligi ýokary tizlik bilen ösüýän tehnologiýalaryň asyrynyň miweleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, bank kartalary üçin «SMS hyzmaty» ýola goýuldy. Hyzmatyň birikdirilmegi bilen, siziň telefon belgiňize hasabyňyz baradaky SMS habarlary geler.

Bu hyzmat hasabyňyzda bolup geçýän özgerişleri şol wagtyň özünde bilmäge ýardam berýär, şeýle hem ol kartdaky hasabyň howpsuzlygyny hem üpjün edýär. Bir säwlik bilen kart ýitirilen halatynda hem bu hyzmat şol kart bilen baglanyşykly ähli pul geçirimler barada maglumat bermegini dowam edýär.

Üns beriň:

a) Hyzmaty birikmezden öňürti, hasabyňyzda  puluň bardygyny, ýokdugyny öwrenmegi ýatdan çykarmaň.
b) Siziň telefon belgiňizde adaty SMS hyzmaty açyk bolsun.

«SMS hyzmatyny» birikdirmek üçin gözükdirme:

1) Kartyňyza bankomata salyň;
2) Dili saýlaň;
3) Kartyň gizlin belgisini giriziň;
4) «SMS hyzmaty» bölümini saýlaň;
5) «SMS hyzmatyny birikdir» bölümini saýlaň;
6) Görkezilen ýere öz telefon belgiňizi giriziň. Mysal üçin, siziň telefon belgiňiz +99365504030 bolsa, siz görkezilen ýere 99365504030 görnüşde ýazyp, «Tassykla» düwmesine basmaly;
7) Bu hyzmat üçin siziň hasabyňyzdan bir aýlyk tutumyň tutulýandygy barada ýazgy peýda bolar. Eger razy bolsaňyz, «Tassykla» düwmesine basyň;
8) Siziň telefon belgiňize «SMS hyzmatynyň» birikdirilendigi barada SMS habary geler, bankomat bolsa size hyzmaty birikdirendiňiz barada kepilnama berer.

Eger-de hyzmaty birikdireniňizde haýsydyr bir näsazlyk ýüze çyksa, bankomatyň ekranyna serediň. Ol ýerde bankyň telefon belgisi bardyr. Ýüze çykan näsazlyk boýunça şol belgä jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar