Nädip çagalar bagyny saýlamaly?

0
27396

Çagalar bagyny saýlamaga körpe doglanyndan soň girişmeli. Onuň iň ýönekeý usuly — öýüňize ýakynragyna ýazylmaly. Ýöne bu usul hemmelere ýaramly däl. Eger siz iň gowy çagalar bagyny saýlamakçy bolsaňyz, onda sabyrlyrak boluň. Çünki çagasy kiçi eýäniň çagalar bagyna gidip gelmäge eli degmez,şonuň üçinem, belki, bu işi kaka tabşyrmalydyr.

Nädip çagalar bagyny saýlamaly?

Onuň iň ygtybarly usuly öýüňize ýakyn bolan çagalar baglarynyň onlarçasyna aýlanyp görmeli, müdir bilen gürleşmeli, topara barmaly, terbiýeçi bilen tanyşmaly we oňa özüňi gyzyklandyrýan sowallary bermeli.

Eger birnäçe çagalar bagyndan haýsysyny saýlajagyňyzy bilmän ikirjiňlenseňiz, ilkinji nobatda terbiýeçiniň şahsyýetinden ugur alyň.

Çagalar bagynda döredilýän goşmaça mümkinçilikleri: körpelere bosseýne, syýahata äkidilýärmi, ol ýerde psiholog, logoped, teatr ussahanasy barmy doly anyklaň.

Özüňizde galan ilkinji täsirden ugur alyň. Sizi nähili kabul edendikleri köp derejede perzendiňiziň hem nähili kabul ediljekdiginiň şöhlelenmesidir. Ýygralyk etmäň, siziň öz körpäňiziň gatnajak çagalar bagy barada ähli zady bilmäge doly haklysyňyz!

Çagalar bagynyň çäginde gözüňize ilen ilkinji zatdan başlaň. Onuň abadanlaşdyrylyşy nähili, dyrmaşmaga ýaramly nämedir bir zatlar barmy, aýmança çägelimi, güldanlar güllümi, otlaryň arasynda aýna döwükleri we haýatdan deşik görünýärmi?.. Elbetde, çagalar bagynyň içindäki ýerbe-ýerlik köp zatdan habar berýär.

Şeýle hem guralýan gezelençleriň nähili geçýändigini keseden synlamak bolar. Uzak bolmadyk aralykdan, özüňize ünsi çekmän, toparyň “hakyky şertlerdäki” durmuşyna gözegçilik etmäge synanyp görüň.

Özüňize ýörite depder tutunsaňyz hem bolar. “Gözegçilik” meýilnamasyny düzüp, her täze çagalar bagynda bolup göreniňizden soň, ähli ugurlar boýunça baha goýuň.

Özüňize has ýaran çagalar baglarynyň belgilerini ýazyp alyň. Soňra forumlara hat ýazyň, ejeleriň şol çagalar baglary baradaky seslenmelerini  okaň, özüňizem olara sowal beriň. Körpeleri bilen çagalar bagynyň derwezesinden çykyp gelýän ejeler bilen duşuşyp hem hut şeýle edip bilersiňiz.

Çagalar bagy öýüňizden gaty uzakda bolmasa gowy.

Çagalar baglarynyň reýtinginde ýa-da okrug bäsleşiklerinde ýeňiş gazanýandyklaryna bakmaň. Şäher iş toparlary ýüzleý alamatlara hem hakyky bolşundaky ýaly baha berip bilerler. Çagalar bagy körpä ýararmy, muny diňe ene-atalar kesgitläp bilerler.

Size şahsy ýa-da öý şertlerindäki çagalar baglary bilen baglanyşykly usul ýaraýarmy, bu barada hem pikirlenip göräýmek gerek.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar