Türkmenistanda Eýranyň täze ilçisi öz işine başlady

0
474
0
0

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde täze bellenilen Seýed Mohammad Ahmadini kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna  ynanç hatyny gowşurdy.

Ikiçäk söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Eýranyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli sözlerini aýtdy we türkmen we eýran halklaryny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy-medeni däpleriň umumylyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň iki ýurduň we halklaryň arasynda köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda mynasyp goşandynyň bardygyny belläp, milletiň Lideri Seýed Mohammad Ahmadini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa işinde üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, nebitgaz toplumynda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemekde iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Döwlet Baştutanyna ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, jenap Seýed Mohammad Ahmadi öz tarapyndan işjeň döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru