Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti taryhy ýadygärlikleri goramak we çäkleri ösdürmek boýunça wezipeleri goýdy

11:3514.01.2016
0
7042

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabat we onuň töwerekleri boýunça aýlanyp, birnäçe täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň eteginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Paýtagtyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur alan dikuçaryň üstünden döwlet Baştutany Aşgabadyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň depginleri, şeýle hem seýilgäh zolaklarynda durmuşa geçirilýän işleri synlady.

Soňra döwlet Baştutanynyň dikuçary Ahal welaýatynyň çäginde, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde gondy.

Türkmenistanyň Prezidenti il içinde Parzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärligiň ýanyna geldi. Döwlet Baştutany gadymy döwürlerde ösen ekerançylygyň, kämil suwaryş ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýän sudurlary özünde saklaýan Parzdepäniň töwereklerini synlady. Bu töwerekde taryhy ýadygärlikleriň bolmagy ösen ekerançylyk medeniýetinden habar berýär. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde gurlupdyr. Bu ýerde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan meşhur ussalaryň birnäçe nesilleri ýaşapdyr we döredipdir.

Parzdepäniň umumy meýdany 3,2 gektara barabar bolup, onda Nusaýyň keramikasyna kybap küýze bölekleri duş gelýär. Bu ýerdäki şäheriň gülläp ösen döwrüniň Beýik Seljuk türkmen hökümdarlarynyň döwleti bilen baglanyşyklydygyny subut edýän keramika önümleriň bölekleri bar. Bu şäheriň IX-X asyrlara degişlidigini aňladýan maglumatlar has agdyklyk edýär. Alymlaryň pikirine görä, ýadygärligiň düýbündäki medeni gatlaklar onuň  biziň eýýamymyzdan ozalky V müňýyllyga degişlidigini subut edýär.

 Döwlet Baştutany Parzdepäniň töwereklerini, onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyryp, bag nahallaryny oturtmagy,  gök zolaklary döretmegi, bu ýerde ösen baglaryň taryhy döretmegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçaryň üstünden paýtagtymyzyň täze etraplarynyň çäklerini synlady. Olarda häzir durmuş we düzüm desgalarynyň toplumlaýyn gurluşygy alnyp barylýar.

Hususan-da, Köşi ýaşaýyş toplumynda we onuň töwereklerinde häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary batly depginlerde bina edilýär.

Döwlet Baştutanynyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk  künjeginde öwrüm etdi, bu ýerde iri taslama amala aşyrylýar — Aşgabadyň Halkara howa menzili gurulýar.

 

Şeýle hem döwlet Baştutany guşuçar belentlikden “Täze zaman” obasynda alnyp barylýan işleriň  depginleri hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin şäherçede iki gatly kottejleriň gurluşygy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz olarda göwnejaý ýaşamak we dynç almak  üçin zerur bolan şertleri, şol sanda mellek ýerlerinde kömekçi hojalygy ýöretmek üçin mümkinçilikleri döretmegi tabşyrdy.   

Türkmenistanyň Prezidenti Aziada—2017-ä taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutany paýtagtymyzda batly depginlerde gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginde ýerine ýetirilýän işleri guşuçar belentlikden synlap,

gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra milletiň Lideri Aşgabadyň günorta-gündogar künjeginde alnyp barylýan işler, hususan-da, Parahat-7 ýaşaýyş toplumyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen tanyşdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, bu künjegiň köçelerini abadanlaşdyrmak çäreleriniň barşyny synlady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň