Sport boýunça daşary ýurtly hünärmenler işe çagyrylar

15:4309.01.2016
0
4936

“Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny gazanmak, sport toparlaryny, öz hünärine ussat türgenleri we geljekki çempionlary daşary ýurtly sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine, ministrliklere we pudak edaralaryna sportuň görnüşleri boýunça toparlary we türgenleri ýokary derejede taýýarlamak üçin daşary ýurtly sport hünärmenlerini bellenen tertipde işe çagyrmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine,   Türkmenistanyň Maliýe ministrligine, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine işe çagyrylýan daşary ýurtly sport hünärmenleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hem-de zähmetine hak tölemegiň Tertibini taýýarlamak hem-de bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň