Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

0
1939
71
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

                                      (2016-njy ýylyň 8-nji ýanwary)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

2015-nji ýylyň ýurdumyz üçin çylşyrymly ýyl bolandygyny bellemek    isleýärin. Döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýylynda biz dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde oňat netijeleri gazanmak üçin möhüm çäreleri amala aşyrdyk. Häzirki döwürde, şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň döwletimizi ösdürmekde jebisleşdiriji we durnuklaşdyryjy täsire eýedigini bütin dünýä subut etdik.

Ähli kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyz Ýaşulular maslahatynyň tekliplerine laýyklykda depginli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu ýol jemgyýetimiziň jebisleşendigini we ýurdumyzy toplumlaýyn   döwrebaplaşdyrmak boýunça saýlap alan ugrumyzyň dogrudygyny aýdyň tassyklady. 2015-nji ýylda biz merdana halkymyzyň taryhy hakydasyny, döwletimizi we bitaraplygymyzy berkitmek boýunça netijeli işleri amala aşyrdyk.

Alyp baran tutanýerli işlerimiziň netijesinde, biz 2015-nji ýylda göz    öňünde tutan meýilnamalarymyzyň ählisini diýen ýaly durmuşa geçirdik.

Geçen ýylda hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, parahatçylygy we raýat agzybirligini, demokratiýany berkitmek boýunça üýtgewsiz kadalarymyzy öz içine alýan kanunlary işläp taýýarlamak hem-de çalt durmuşa ornaşdyrmak babatda hem uly işler amala aşyryldy.

Giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy we bellenen sepgitlere ýetildi. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde örän ýokary derejelere ýetilendigini – 85 göterim ösüş gazanylandygyny bellemek isleýärin. Jemi içerki önümiň artyşy 6,7 göterime barabar boldy. Şol sanda gurluşyk pudagynda 9,3 göterim, söwdada 10,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterim ösüş gazanyldy.

2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende dürli pudaklara gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim artyp, 53 milliard manatdan gowrak    boldy. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen çäklerde saklandy.

Biz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini bellenen çäklerde ýene-de köpeltdik. Şeýle hem döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ilatyna berilýän ýeňillikleri saklap galmaga mümkinçilik tapdyk. Mähriban halkymyz öňküsi ýaly elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanýar. Jemagat hyzmatlary üçin nyrhlar hem ujypsyz bolmagynda galýar.

Biz ýurdumyzy kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde ösdürmegi dowam etdik. Häzirki döwürde gurluşyk pudagyna gönükdirilýän maýa     goýumlarynyň möçberi 49 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Diňe   
bir geçen ýylyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň    hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň 375-sini gurup, ulanmaga berdik.

Gurlup, ulanmaga berlen iri desgalaryň hatarynda älem giňişligine çykarylan «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasyny, «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisini, kuwwaty 504,4 megawatt bolan Derweze döwlet elektrik stansiýasyny, Balkan welaýatyndaky bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýän «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini, Aşgabat şäherindäki Mejlisler merkeziniň we Türkmenbaşy şäherindäki Kongresler merkeziniň ajaýyp binalaryny, Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny, edara binalarynyň toplumlaryny, Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki myhmanhanalary görkezmek bolar.

Şeýle hem şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan dynç alyş merkezleri, köp sanly durmuş maksatly desgalar bar. Şolaryň hatarynda dynç alyş merkezlerini, 3700 orunlyk 22 sany çagalar bagyny, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 22 sany sport mekdebini we orta mekdebi, umumy meýdany 1 million 350 müň inedördül metr, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny görkezmek bolar.

Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnama laýyklykda her welaýatda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar.

2015-nji ýylda hem bazar gatnaşyklaryny emele getirmek göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça işler dowam etdirildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy eýeçiligiň ähmiýetini we ornuny düýpli ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, bu ugurda päsgelçilikleri we çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döwlete degişli kärhanalaryň sanyny azaltmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde telekeçiler döwletiň goldaw bermeginde ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar. Halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň telekeçileri dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny  açýarlar. Häzirki döwürde olaryň alyp barýan işleriniň guwandyryjy netijeleri berýändigini aýratyn bellemek isleýärin.

Biz daşary syýasatda hem oňat netijeleri gazandyk. Dünýäniň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem özara gatnaşyklary bir maksada gönükdirip, yzygiderli ösdürdik. Ýurdumyzyň daşary syýasaty bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna gyşarnyksyz eýermek esasynda amala aşyryldy.

Häzirki döwürde dünýäde türkmen bitaraplygyna sebitde we halkara derejesinde durnukly ýagdaýy emele getirmegiň möhüm we aýrylmaz düzüm bölegi hökmünde garalýar. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, ynanyşmak ýagdaýyny emele getirmegiň we hoşniýetli  goňşuçylygy ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi dünýäde ýurdumyzyň tutýan ornunyň berkemegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berdi.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Mähriban halkymyz biziň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýar, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýar. Şonuň netijesinde, şeýle uly üstünlikleri gazanandygymyzy we belent sepgitlere ýetendigimizi men öňem ençeme gezek belledim we ýene-de bellemek isleýärin. Öz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen döwletimiziň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, dürli pudaklarda işleýän adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýyl ýubileý ýylydyr. Şu ýyl ýaş döwletimiziň öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 25 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, şu ýyl biz mähriban halkymyzyň örän baý taryhy we medeni mirasyna daýanyp, eziz Watanymyzy özgertmekde uly üstünlikleri gazanmalydyrys. Şu ýyl öz öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin häzirki döwürde bize täze taslamalar, täze garaýyşlar, täze dolandyryş çözgütleri, täze kanunlar zerur. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ýolbaşçylary netijeli işleri alyp barmalydyrlar, döredijilik başlangyçlaryny öňe sürmelidirler.

Geçen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde oňat      netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, entek ulanylmaýan mümkinçilikleriň    köpdügini bellemek isleýärin. Ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi, dolandyryş işgärleriniň sanyny azaltmagy, ýerlerde ýolbaşçylaryň öz işiniň netijeleri üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy şol mümkinçilikleriň hatarynda görkezmek bolar. Şoňa görä-de, şu ýyldan başlap, ähli şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat bermegi boýunça tejribäni ornaşdyrýarys.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Şu ýyl biziň öňümizde durýan wezipeler barada durup geçmek      isleýärin.  

A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam berýän täze kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Siz Ministrler Kabineti bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak boýunça çäreleriň  meýilnamasyny taýýarlamaly.

Şu ýylyň maý aýyna çenli ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny taýýarlamaly we Ýaşulularyň maslahatyna seretmek we makullamak üçin bermeli. Şu ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere deputatlar bilen her ýyl geçirýän duşuşygymyzda has doly serederis.

Hormatly adamlar!

Daşary syýasatymyz barada aýdanymyzda, ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler ýaňy-ýakynda dekabr aýynda doly ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň diplomatik işgärleri «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda netijeli işleri alyp barmaly. Türkmenistanyň bähbitlerini yzygiderli goramaly. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmeli. Daşary işler ministrligi şu ýylda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlarynyň, şeýle hem halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýa laýyklykda geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmeli we bu çäreleri ýokary derejede geçirmeli. Şonuň ýaly-da, ulag pudagynda     halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna düýpli taýýarlyk görmeli.

B.Hojamämmedow, maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylary!

Kabul edilen strategik, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebit maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurlar bellendi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda ýokary ykdysady ösüş depginini saklamak, pudaklary     döwrebap ýagdaýa getirmek we makroykdysady taýdan deňagramly     ýagdaýy saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmek siziň öňüňizde we maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.  

Ykdysady ulgamyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňligini    üpjün etmeli. Milli pulumyzyň we onuň satyn alyş ukybynyň durnukly bolmagy üçin zerur çäreleri görmeli. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga we ätiýaçlyk daşary ýurt pulunyň goruny köpeltmäge aýratyn üns bermeli.

Puluň hümmetsizlenmek derejesini göz öňünde tutulan möçberlerden ýokary geçirmän (6,6 göterim möçberde) saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmek, öňküsi ýaly, bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolmagynda galýar.

Şu ýyl hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň hilini has-da      ýokarlandyrmak amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň esasy maksady bolmalydyr. Bu wezipe saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işiniň netijelerini ýokarlandyrmak we hyzmatlar ulgamyna degişli ykdysady işiň beýleki görnüşleriniň netijeli bolmagyny üpjün etmek esasynda amala aşyrylmalydyr. Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamany, şeýle hem beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

   Ý.Kakaýew, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary! Ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şol sanda täze ýataklary gözlemek, abadanlaşdyrmak, uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeli. Türkmen energiýa serişdeleriniň täze gaz geçirijiler boýunça iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Strategik örän möhüm taslama bolan Türkmenistan — Owganystan —–Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmegi dowam etmeli. Şu maksat bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde nebitiň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak esasynda taýýar önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli. Nebit önümleriniň önümçiligine innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmaly. Suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Ş.Durdylyýew we maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary!

2016-njy ýyl üçin gurluşyk maksatnamasy örän giň gerimlidir. Şu ýyl 387 sany iri desgany gurup, ulanmaga bermek, şeýle hem 7 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmek göz    öňünde tutulýar. Önümçilik-tehniki maksatly pudaklar öňküsi ýaly maýa goýumlaryny goýmakda ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar. Bu pudaklarda köp sanly iş orunlary döredilýär. Bu ugurlara maýa goýumlarynyň esasy bölegi  gönükdirilmelidir.

Ýurdumyzyň gurluşykçylary oba ilatynyň ýaşaýyş jaý şertlerini        gowulandyrmak boýunça 5 milliard manada golaý serişde özleşdirmelidirler. Biz bu serişdeleri hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň gurluşygyna we olaryň durkuny täzelemäge, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdirýäris. Şonuň ýaly-da, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmeli. Şäherde ýaşaýyş jaýlaryny döwlet serişdeleriniň hasabyna hem, hususy maýa goýumlarynyň  hasabyna hem gurmaly. Biz ýurdumyzyň sebitleriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem üstünlikli dowam ederis.

Nesip bolsa, biz 2017-nji ýylda ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny geçireris. Şoňa görä-de, Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleri, siz şäheri bu örän möhüm waka doly taýýar etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Halkara ölçeglerine laýyklykda, paýtagtymyzyň ýollaryny we köçelerini abadanlaşdyrmaly.

Köçeleriň we şaýollaryň bezelişine aýratyn üns bermeli. Häzirki döwürde, eger zerur bolsa, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen bagly işlere goşmaça maliýe serişdelerini gönükdirmek we gurluşyk kompaniýalaryny çekmek meselesine seretmeli. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli. Şu ýylyň ahyryna çenli paýtagtymyzy gözelleşdirmek we onuň häzirki zaman keşbini emele getirmek boýunça alnyp barylýan işleri doly tamamlamaly.

E.Orazgeldiýew, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Täze edaralary – Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini, olaryň ýerlerdäki edaralaryny döretmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini gysga möhletde çözmeli.

Oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmeli. Şu maksat bilen, obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini ulanmakda has täze, netijeli usullardan peýdalanmaly. Topluma ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaly.

Biz şu maksat bilen, ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaga, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmäge köp möçberde maýa goýum serişdelerini gönükdirýäris. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmeli.

Ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaly. Şeýle hem beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň we miweleriň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, oba hojalygyny suw bilen doly möçberde üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmeli. Şu maksat bilen, suw desgalaryny, suw akabalaryny, suw göterijileri abatlamak we gurmak boýunça netijeli işleri alyp barmaly.

S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary!

Biz şu ýyl hem ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdireris. Ýewropany we Aziýany birleşdiren halkara demir ýolunyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaly. Toplumyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Awtomobil, demir ýol, suw we howa ulaglary pudaklaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermeli. Demir ýol we howa menzillerini gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Ähli ministrlikler, pudak edaralary we ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagy boýunça daşalýan ýükleriň möçberini nazara alyp, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň umumy möçberini artdyrmaly. Ähli welaýat merkezlerinde häzirki zaman ýolagçy awtoulag menzillerini we howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýerli gatnawlar boýunça howa gatnawlaryny açmak meselesine aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň söwda-deňiz flotuny ösdürmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli. Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň gurluşygyny şu ýyl hem dowam etmeli.

2016-njy ýylda hem öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. Aragatnaşyk ulgamyna türkmen aragatnaşyk emeli hemrasyny ulanmak arkaly kompýuter tehnologiýalaryny, internet aragatnaşygyny yzygiderli ornaşdyrmaly. Bu bolsa ýurdumyzyň ilatyna edilýän hyzmatlaryň, şol sanda internet, telefon we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.

S.Toýlyýew, bilim we ylym ulgamynyň ýolbaşçylary! Bilim we ylym ulgamy ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu syýasaty durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işlere – ýokary bilim, ylym ulgamlaryny kämilleşdirmäge, täze okuw mekdeplerini açmaga, bu ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns bermeli. Şu ýylda umumy bilim berýän mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýurdumyz boýunça sany ep-esli artmalydyr. Şoňa görä-de, täze institutlar, mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Ösüşiň senagat-innowasion görnüşine geçilýän şertlerde biz ylym ulgamyna ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň örän möhüm şerti hökmünde garaýarys.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde ylym ulgamyny ösdürmegiň 2021-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamasyny taýýarlamaly. Ylym ulgamyny ösdürmek döwletimizi ýakyn ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Ýokary derejeli ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ylym ulgamyna, öňküsi ýaly, döwletimiz tarapyndan uly goldaw  berler. Bu ulgamyň ylmy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dowam etdiriler.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek siziň öňüňizde durýan örän möhüm wezipeleriň biridir. Siz ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermeli.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň beýleki bir ileri tutulýan ugruny –   saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. Häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmek boýunça döwlet syýasaty «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze stadionlaryň we sport desgalarynyň gurluşygyny dowam etmeli. Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek babatda netijeli işleri alyp barmaly. Olimpiýa şäherjigindäki esasy sport desgalarynyň gurluşygy     tamamlanyp barýar. Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryna hyzmat etjek işgärleri    taýýarlamaly. Bu desgalarda halkara ýaryşlaryny guramaly. Türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Ýaşlarymyzy sport we olimpiýa hereketine işjeň çekmeli.

Ýurdumyzda halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, öňküsi ýaly, ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar.

M.Ýazmuhammedowa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary! Şu ýyl ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik hem-de hünär taýdan kämilleşmegi, ösmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar. Hereket edýän teatrlardan we medeniýet öýlerinden başga-da, oba ýerlerinde köp sanly medeniýet öýlerini gurmak göz öňünde tutulýar. Medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidiler. Dürli halkara medeni çärelerine, şol sanda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dürli çärelere düýpli taýýarlyk görmäge we olary ýokary derejede geçirmäge aýratyn üns bermeli.

Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň we habarlaryň hilini     ýokarlandyrmaga uly üns bermek zerur. Teleradioýaýlymlarda berilýän    gepleşiklerde we habarlarda jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgermeler giňden beýan edilmelidir. Ýurdumyzyň ýubileý ýylynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmelidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guraljak ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmeli we olary ýokary derejede geçirmeli.

P.Taganow, söwda toplumynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň söwda ulgamynyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we supermarketleriň gurluşygyny yzygiderli alyp barmaly. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli. 2016-njy ýylda hem telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, öňküsi ýaly, telekeçiligiň ösmegini höweslendirmek boýunça çäreleriň we usullaryň giň toplumyny öz içine alar.

B.Ereşow, senagat toplumynyň ýolbaşçylary! Şu ýylda hem ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasaty senagat pudaklaryny durnukly, innowasiýa esasynda ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaga we şol derejede saklamaga gönükdirilmelidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, döwletimiziň haryt öndürijileriniň öndüren senagat önümleriniň dünýä bazarynda ornuny berkitmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda hem Türkmenistanyň ykdysady we tehnologiýa ulgamlarynda howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli.

Biz bäsleşige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini     guramagy, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmeli. Ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny, ulag- kommunikasiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda hem ykdysady ösüşiň çig mal serişdelerine gönükdirilen bolmagyny ýuwaş-ýuwaşdan azaltmaly.

Özümizde öndürilen önümleriň hasabyna içerki bazary harytlar bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu maksat bilen, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermeli. Örän iri senagat toplumlarynyň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk tebigy duzlaryň ýatagynyň binýadynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygyny dowam etmeli.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerinde gurluşyk    serişdelerine islegleri kanagatlandyrmak üçin gurluşyk materiallary senagatynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Biz bu meseläni hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek we täze kärhanalary gurup, ulanmaga bermek esasynda çözmelidiris.

Balyk hojalygy pudagynyň kärhanalaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem şu maksatlara gönükdirilendir. Bu çärelerde balyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, balygy gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Elektron senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu ugurda belli bir üstünlik gazanyldy. Şu ýyl hem elektron       senagatynda bilelikdäki kärhanalaryň   sanyny ep-esli artdyrmaly.  

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin göz öňünde tutýan maksatnamamyz örän giň gerimlidir. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin döwlet dolandyryş edaralarynyň, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Ähli ýolbaşçylar geçen ýyldaky ýaly agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işlemelidirler. Öz öňlerinde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmelidirler.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Şu günki mejlisimizi jemlemek bilen, eziz Watanymyz Türkmenistanyň bar bolan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek üçin öz saýlap alan ýoly bilen ynamly  öňe barýandygyny bellemek isleýärin!

Men siziň ähliňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, mähriban halkyma bolsa, abadan we bagtyýar durmuş arzuw edýärin!

 

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru