Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar 2016-njy ýyly uly baýramçylyk dabaralary bilen garşyladylar

23:0001.01.2016
1
7140

31-nji dekabrda Agabatdaky "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara geçirildi. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri arkaly, teleköpriniň kömegi bilen ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň ýaşaýjylary hem bu dabara gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. 
Dabarany alyp baryjylar ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglaryny aýdýarlar, berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähibdine durmuşa geçirilýän özgertmelerde uly üstünilkler arzuw edýärler. 
Belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýyla bagyşlanan çykyşlar ýaýbaňlanýar, şeýle hem bu ýerde folklar döredijiligi häzirki zaman görnüşinde ýerine etirilýär. 
Teleköprüsi arkaly Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabarasyna ýurdumyzyň sebitleri hem goşulýarlar. Şu gün welýatlaryň dolandyryş merkezlerindäki meýdançalarynda hem ýaş aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl çykyşlary guraldy, olara köpsanly tomaşaçylar ýygnandylar. Tomaşaçylaryň hatarynda häkimlikleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, kümüş saçly eneler, oba ýaşaýjylary, çagalar bar. 
Täze ýyl teleköpri aragatnaşygyny “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňüne ýygnanan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary jemleýärler, olar hormatly ýaşulularyň we mekdep okuwçylarynyň üsti bilen ähli watandaşlarymyza täze ýylda ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagyny we uly üstünilkler arzuw edýärler. Goşgular we aýdymlar ýaňlanýar, meşhur tans toparlary, belli aýdymçylar çykyş edýärler. 
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki sahnada aýdym-saz çykyşy dowam edýär, bu ýerde şatlykly ýagdaý höküm sürýär, ýerine ýetirilýän tanslara täze ýyl şäherjiginiň meýdançasyna ýygananlaryň ählisi goşulýar. 
Tolgundryjy pursat ýetip gelýär – telemonitorlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenstanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Meýdançada ýagnananlar we telewizorlaryň öňünde millionlarça ildeşlerimiz milli Liderimiziň gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. 
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagyndan soň, 2015-nji ýylyň iň soňky pursatlary ähli watandaşlarymyzy jebisleşdirýän kuwwatly ruhubelentlige beslendi. Sagat dilleri 12 sanyň üstünde saklanýar... 
Türkmenistanyň Döwlet senasy belent we dabaraly ýaňlanýar. 
Şu pursatda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanynda peýda bolan dürli öwüşgünli baýramçylyk feýerwerki Döwlet senasynyň dabaraly heňlerini alyp göterýär. Türkmen paýtagtynyň asuda we aýdyň asmanynda emele gelen dürli öwüşgünleriň simfoniýasy dabara gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan alnyp göterilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watnym Türkmenstan!” aýdymynyň özboluşly äheňi bolup ýaňlanýar. 
Ine, 2016-njy ýyl gelip ýetdi. Asmanda biri biriniň yzyndan dürli öwüşgünler peýda bolýar, olar şu pursatlarda arzuw edilen ähli arzuw-islegleriň hasyl bolmagynyň alamatlarydyr. 
... 2015-nji ýyl taryhyň sahypalaryna girip, Watanymyzyň şöhratly ýylýazgysyna ýene bir aýdyň sahypany ýazdy. Türkmenstanlylar ýagşy umyt-arzuwlar bilen Täze ýyly garşyladylar, bu ajaýyp baýramçylyga aýratyn hyjuw bilen taýýarlanyp, öz ýakynlaryny begendirmäge çalyşdylar. 
* * *
Teatrlaşdyrylan çykyşlar, joşgunly aýdym-sazlar täze ýyl gijesi we onuň öňýanyndaky günde baýramçylyga gatnaşýan ähli türkmenstanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu günky dabaralar belli estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Ylham” seýilgähinde we köpleriň söýgüli künjegine öwrülen “Arkadag” seýilgähinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada dürli öwüşginler bilen ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň