Türkmenabatda iri söwda-dynç alyş merkezi açyldy

0
985
16
0

Türkmenabatda Lebapda iň iri “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Bu toplum 0,5 gektar ýeri eýelep, ol Bagy-bossan we Azatlyk köçeleriniň çatyrygynda ýerleşýär. Binanyň beýikligi 18 metr, umumy meýdany bolsa 2240 inedördül metrdir. Oňa ýakyn ýerleşýän çäklerde giň ulag goýulýan ýer, merkezleşdirilen ýylylyk beriji we sowadyjy ulgam we beýleki durmuş üpjünçiligi desgalary ýerleşýär. Sokol binasynda konditer bölümi, ammarlar, şol sanda senagat sowadyjylary bilen üpjün edilen ammarlar ýerleşýär.

Birinji gatyň dükanlarynda iýmitler, gap-gaçlar, oýnawaçlar, sowgatlyklar we durmuş harytlary satylýar. Ikinji gatda öý we edara jaýy üçin mebeli, trikotaž we haly önümlerini, geýimleri, sagatlary, kosmetikany, gülleri satyn alyp bolar, äýnegi saýlap bolar hem-de fotosalonda ýadigärlik suratyna düşüp bolar. Şeýle hem bu ýerde adminstrasiýanyň otaglary ýerleşýär. Üçünji gatda türk tagamlarynyň restorany we türkmen milli aşhanasynyň kafesi ýerleşýär. Kiçi ýaşly çagalar üçin iki sany oýun meýdançaly oňaýly çagalar şäherçesi ýerleşýer. Ýylyň maýyl döwürleri üçekde ýerlerşýän teläriň aşagyndaky tomusky käfe baryp bolar. 

Dükanlara aýlanmaga oňaýly bolar ýaly basgançakdan başga hem eskalator goýulandyr. Mundan hem başga bina adam daşaýan liftleriň ikisi we bir sany ýük çekýän jift bilen üpjün edilendir. 

Bu toplum bankdan gurluşyk üçin ýeňilleşdirilen uzak möhletleýin karz pul alan telekeçi Ruslan Borjakowa degişlidir. Lebapdaky bu söwda-dynç alyş merkezini “Kämil ussa” hususy kärhanasy gurdy, lifti we eskalatory Aşgabadyň “Galkynyş hemaýaty” firmasy gurnady. Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegi bolan bu iri desga iş orunlaryň 150-den gowragyny döretdi. 

Bu söwda-dynç alyş merkeziniň aýratynlygy ýerli önümleri nazarlaýan bolup durmagy bolýar. Meşhur “Zemin”, “Hemra”, “Ýunus daýhan” ýaly hususy kärhanalar ýerlemek üçin eýýäm öz önümlerini hödürledi. Şeýele hem bu ýerden marynyň “Ellin” firmasynyň süýt önümlerini we Ahalyň “Guş toplumynyň” önümlerini satyn alyp bolar. 

“Döwrebap” täze ýyl baýramçylygynyň öňisyrasynda öz gapylaryny giňden açdy. Eýýäm ilkinji günlerden başlap önümleriň baý görnüşi boýunça satyn alyjylaryň göwnüni awlap, müşderiliň has köp gelýän ýerine öwrüldi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru