Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda durnukly ösüş maksatlary boýunça bilelikdäki iş maslahaty geçirildi

23:4822.12.2015
0
4362

22-nji dekabrda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda durnukly ösüş maksatlary boýunça bilelikdäki iş maslahaty geçirildi. Ol  Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan guralyp, oňa BMG-niň Aşgabatdaky iri agentlikleriniň hem-de düzüm bölümleriniň wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň  wekilleri gatnaşdy.

Häzirki iş maslahatyna gatnaşyjylar durnukly ösüşiň täze maksatlarynyň Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşmagy boýunça hereketleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekip, ýurdumyzyň geçen ýyllaryň içinde milletleri olaryň deňligi, ynanyşmagy hem-de özara hormat goýmagy ýörelgelerinde birleşdirmegiň oňyn işlerine ýolbaşçylyk etmäge gönükdirilen bütindünýä guramasynyň abraýynyň we ornunyň pugtalandyrmagynyň işjeň tarapdary bolup çykyş edýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Iş maslahatynda Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň  alyp barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň düýpli we iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny ýene-de bir gezek beýan edip, umumy asylly maksatlara ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki işlerde hemmetaraplaýyn berilýän goldaw we kömek üçin Türkmenistanyň hökümetine çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň