Täze ýylyň bosagasynda täze ýeňişler

0
881
58
0

Geçip barýan ýylyň soňky günlerinde ýurdumyzyň türgenleri daşary ýurtlarda, şeýle hem Türkmenistanda geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Bu ýaryşlaryň hatarynda göreşiň görnüşi bolan greppling we kik-jitsu söweş sungaty boýunça Ýewraziýanyň açyk kubogy ugrunda Tähranda geçirilen ýaryşy görkezmek bolar. Ildeşlerimiz bu ýaryşda iki altyn medaly gazanmagy başardylar.

Ýaryşa Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Bangladeşden, Ukrainadan, Ermenistandan we beýleki döwletlerden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Şöhrat Allaýewden tälim alýan aşgabatly Täçmuhammet Durdyýew tapawutlandy. Ol ýaryşyň söweş görnüşinde hem, göreş görnüşinde hem ýeňiş gazanmagy başardy.

Kik-jitsu söweş sungaty kikboksingden, taý boksundan we jiu-jitsudan alnan birnäçe emelleri özünde jemleýär. Bu görnüş boýunça Täçmuhammet 15—18 ýaş toparynda, 65 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, dört tutluşyk geçirdi hem-de olaryň hemmesinde ynamly ýeňiş gazandy. Ýarym final duşuşygynda türkmenistanly türgen eýýäm birinji raundda özüniň ermenistanly garşydaşyny nokaut bilen ýeňmegi başardy. Aýgytly tutluşykda T.Durdyýew ýer eýeleriniň wekilini ynamly ýeňmegi başardy.

Greppling boýunça ýaryşlary, başgaça, “düzgünsiz göreş” diýip hem atlandyrýarlar. Bu görnüşde 16 ýaşly Täçmuhammet Durdyýew erkekler toparynda 62 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Heniz ýetginjekligine garamazdan, ildeşimiz özünden ýaşy has uly türgenleri ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy. Onuň bu gazanan ýeňişleriniň netijesinde türgenlerimiz umumy toparlaýyn ýaryşda üçünji orny eýelediler.

T.Durdyýew Türkmenistanyň “hanmudo” söweş sungaty federasiýasynyň wekilidir. Bu federasiýanyň guramagynda ýurdumyzda şu günler milli derejeli ýaryşlaryň hem birnäçesi geçirilýär. Paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarynyň arasynda köpugurly söweş boýunça Aşgabadyň açyk Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Şeýle hem bu sport toplumynda hindi toparlaýyn oýny bolan kabaddi boýunça paýtagtymyzyň Kubogy ugrunda ýaryş hem boldy. Mary şäherinde geçen dynç günleri ýurdumyzyň günorta-gündogar sebitiniň açyk çempionatynyň çäklerinde köpugurly söweş boýunça ýaryş tamamlandy.

Şu günler Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça 2015—2016-njy ýyllar möwsümi boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Sportuň bu görnüşi boýunça şeýle ýaryş ýurdumyzda indi üçünji sapar geçirilýär. Çempionlyk ugrunda  “Galkan”, “Nesil”, “Şir”, “Oguzhan”, “Watançy” we “Alp Arslan” toparlary bäsleşýärler. Olar birinji we ikinji tapgyryň duşuşyklaryny geçirdiler.

Bu duşuşyklaryň arasynda “Oguzhan” toparynyň gatnaşmagynda geçen iki duşuşyk has hem çekeleşikli boldy. Bu toparyň garşydaşlary öz hüjümlerini has dürs jemläp, “Oguzhan” toparyny ýeňlişe sezewar etdiler. Türkmenistanyň iki gezek çempiony “Galkan” ony 6:3 hasabynda utan bolsa, “Şir” topary 5:3 hasaby bilen ýeňdi.

Beýleki dört duşuşykda garşydaşlarynyň derwezesinde döredilen howply pursatlary ezberlik bilen peýdalanmagy başaran hüjümçileriň ussatlygy sportuň bu görnüşiniň muşdaklaryny begendirdi. Jemi iki tapgyrda derwezelere 86 gol geçirildi. Beýleki bir tarapdan, bu netije goragçylaryň gowşak oýnandygyny görkezýär. Toparlaryň tälimçileriniň bu kemçiligiň üstünde işlemekleri gerek

Iki tapgyrdan soňra, ýaryşyň birinji basgançagyny “Galkan”, “Şir” we “Nesil” öz aralarynda paýlaşýarlar. Olar geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem ýeňiş gazanyp, 6 utuk topladylar. “Oguzhan”, “Watançy” we “Alp Arslan” heniz ýeňiş gazanyp bilenoklar. Şonuň üçin hem olaryň häzirlikçe gazanan utuklary ýok.

Çempionatyň üçünji tapgyry 22-nji dekabrda “Galkan” bilen “Watançynyň” arasyndaky duşuşyk bilen başlanar. Bu oýun Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçiriler.

Türkmenistanyň çempionaty 2016-njy ýylyň apreline çenli dowam eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru