Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Ýokary ligada 35-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

11:4619.12.2015
0
1262

HTTU – «Merw»

Ýaryş tertibindenem görnüşi ýaly, toparlaryň ikisi hem 6-njy orun üçin göreşýär. Ýogsa-da, bu göreşde «Hazyna-da» bar. Şonuň üçin şu günki gazanyljak ýeňiş, 6-njy ornuň (iň bolmanda 7-nji ornuň) eýesini 50 % kesgitläp biler.

HTTU şu möwsümde «Merwe» mynasyp garşylyk görkezýär. Hat-da öz meýdanynda geçirilen duşuşykda, kynlyk bilen hem bolsa, ýeňişem gazandy. Eger talyplar bu günem şol üstünligini gaýtalap bilse, şu ýylky çempionaty 6-njy orunda tamamlamaga bolan umydy ýene-de dowam eder. Toparlary deňlik hasap hem kanagatlandyrmaz. Çünki 6-njy ornuň üçünji bir dalaşgäri, has takygy, häzir 6-njy orunda barýan «Hazyna» tapgyrda «Energetik» bilen duşuşýar. Bu duşuşykda «ykdysadyýetçileriň» ýeňşine garaşyp bolar.

«Energetik» – «Hazyna»

Duşuşygyň netijesi «Hazyna» üçin möhüm. Ýokary bölümde hem aýdyşymyz ýaly, «Hazyna» Ýokary ligadaky ilkinji möwsümini 6-njy orunda tamamlamaga mümkinçilik bar. Ýöne topara galan iki duşuşygynda azynda 4 utuk toplamak gerek.

«Energetik» bolsa Ýokary ligadaky ilkinji möwsümini bireýýäm 9-njy orunda tamamlandy. Topar ýokarky orunlar üçin düzümini güýçlendirip, indiki möwsümde göreşip biler.

Şu ýylky «Energetik» — «Hazyna» duşuşyklarynda artykmaçlyk «ykdysadyýetçileriň» tarapynda. Eger şu gezek hem şeýle bolaýsa, topar öňünde goýan maksadyna ýene bir ädim ýakynlaşyp biler.

«Daşoguz» — «Altyn asyr»

Artykmaçlyk şolaryň tarapapynda-da welin, ýöne duşuşykda utulaýanda-da «Altyn asyr» hiç zat ýitirmez. Soňky duşuşyklarda, esasan hem üçünji, dördünji aýlawlarda käbir güýli toparlary ýeňip ýa-da deňme-deň oýnap haýrana goýýan «Daşoguz» bu gün nähili gudrat görkezerkä? Muny ýene 3-4 sagatdan bileris.

«Aşgabat» – «Ahal»

Ýa-da başgaça aýtsak, toparlaryň üçünji orun ugrundaky göreşi. Möwsümiň başynda «Altyn asyryň» yzyndan galman gelen «Ahal» soňky tapgyrlardaky şowsuzlyklary bilen 5-nji orna çenli düşdi. Topara möwsümi iň bolmanda bürünç medal bilen tamamlamak üçin galan iki duşuşygynda hem ýeňiş gazanmak gerek. Ýöne geçen aýlawda-da «Aşgabatdan» 3:5 hasabynda ýeňlen topara bu gezek ýeňiş gazanmak başardarmyka? Eger başartmasa, topar möwsümi 5-nji orunda tamamlap biler.

Ýeri gelende aýtsak, 3-nji orun ugrundaky göreşde «Şagadam» hem bar.

«Balkan» — «Şagadam»

Balkan derbisiniň netijesi «Şagadam» üçin möhüm. «Nebitçiler» möwsümi eýýäm ikinji orunda tamamladylar. «Şagadam» bolsa edil geçen ýylkysy ýaly, möwsümi üçünji orunda tamamlama ýakyn. Topara galan iki duşuşykda 4 utuk gazanmak hem ýeterlik bolup biler. Ýöne «Şagadam» şu möwsümde «Balkany» ýeňip bilenok. Gaýtam, geçen aýlawda öz meýdanynda asgyn geldi. Şu günki duşuşykda, iň bolmanda, deňme-deň oýnap bilse, topar ýaryş tertibindäki ornuny saklap galyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň