“Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

0
1129
0
0

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti Namibiýada geçirilen mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna  Türkmenistanyň ýüz tutmagy bilen hödürlenen  “Görogly” şadessanyny girizdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu wakany teswirläp, dil üstünden geçip gelýän türkmen  halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasynyň diňe bir taryhy-medeni gymmatlygyny däl, eýsem, onuň biziň günlerimizdäki örän uly watançylyk ähmiýetini belledi.

ÝUNESKO-nyň komitetiniň ýaýradan metbugat beýanatynda “Görogly” şadessanynyň ady rowaýata öwrülen edermen Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň batyrlygyny beýan edýän dilden gürrüň bermek däpleridigi düşündirilýär. Epiki eseriň aýdyjylary, ýagny dessançylar Türkmenistanda bu däpleri saklaýjylar bolup durýar. Onuň ýerine ýetirilmegi gürrüň bermegi, aýdym  aýtmagy we saz çalmagy özünde jemleýär. Bu däp türkmen halkynyň oňat durmuşa ymtylyşyny şöhlelendirýär hem-de häsiýetiň edermenlik, dogruçyllyk, dostluk hem-de wepalylyk ýaly taraplaryny şöhratlandyrýar. Bu däp ussatlar tarapyndan resmi däl görnüşinde öwretmek hem-de köpçüligiň öňünde çykyş etmek arkaly nesilden-nesle geçirilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru