Türkmenistanyň Kubogy eýesine garaşýar

0
289
4
0

Şu gün Balkanabat şäherindäki sport toplumynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçiriler. Onda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen duşuşar. Duşuşygyň 15:00-da başlamagyna garaşylýar.

22-nji gezek geçirilýän Kubok ýaryşynyň final duşuşygy 2016-njy ýylda AFK-nyň kubogyna Türkmenistandan wekilçilik etjek ikinji topary belli eder. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň şu ýylky çempiony «Altyn asyr» bu sebit ýaryşynyň toparçalaryna göni girmäge hukuk gazandy. Şu günki duşuşykda Kubogy gazanyp bilen ýagdaýynda «Şagadam» AFK-nyň Kubogynda ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk gazanjak ikinji topar bolar. Ýöne şu günki duşuşykda «aragatnaşykçylar» ýeňiş gazansa, sebit ýaryşyna Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalçysy hökmünde «Balkan» gatnaşar.

«Altyn asyr» Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygyna 3 gezek çykdy we şolaryň diňe birinde Kuboga mynasyp boldy. Şol duşuşykda, ýagny 2009-njy ýylda «aragatnaşykçylar» Mary şäheriniň «Merw» futbol toparyny 3:0 hasabynda ýeňipdiler. Final duşuşygyna 2010-njy ýylda-da çykan «Altyn asyr» bu gezek «Balkandan» 3:2 hasabynda ýeňildiler. «Aragatnaşykçylar» ýurdumyzyň Kubogynyň final duşuşygyna soňky gezek 2013-nji ýylda çykyp, onda «Ahaldan» 2:1 hasabynda asgyn gelipdiler.

Türkmenbaşy şäheriniň topary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna iki gezek çykyp, olaryň birinde, ýagny 2007-nji ýyldaky ýaryşda arzyly Kuboga eýe bolupdylar. Şol duşuşykda «kenarlylar» «Merw» toparyny oýnuň goşmaça wagtynda açylan hasap bilen 1:0 hasabynda ýeňip, Kuboga mynasyp boldular. Ondan 5 ýyl öň hem finala çykan «kenarlylar» şol gezek Türkmenabat şäheriniň «Garagum» toparyndan 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 4:2 hasabynda asgyn gelipdiler.

Şu maglumatlardan hem görnüşi ýaly, iki topar hem Türkmenistanyň Kubogynyň jemleýji oýnuna bir gezek çykyp gördi. Bu gün olaryň haýsy biriniň ikinji Kubogy muzeýine alyp gitjekdigini göreris. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru