Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

0
545
0
0

11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. 

Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen halky we ähli halkara jemgyýetçiligi üçin şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy, şeýle hem Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde Täjigistanda çäreleriň geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Täjik Lideri mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirip, türkmen doganlary bilen şu baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga örän şatdygyny nygtady. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi, ilkinji nobatda, sebitdäki goňşular bilen parahatçylykly, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň we oňyn ornunyň beýanyna öwrüldi. Merkezi Aziýada amatly syýasy we ykdysady ýagdaý köp babatda şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini kesgitleýär.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, täjik tarapynyň ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa iki dostlukly halkyň köpasyrlyk dostluk däplerine esaslanýar.

Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda iki goňşy ýurduň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ymtylýandygy beýan edildi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän türkmen-täjik gepleşikleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde bu hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berildi.

Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Umumy pikire görä, Тürkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasynyň işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň daşary syýasaty barha giň goldawa eýe bolýar. Bu syýasat bolsa halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, sebit hem-de bütindünýä derejesinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň esasynda durnukly ösüş arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak ýörelgesi durýar. Munuň özi özygtyýarly türkmen döwletiniň bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milleti[ Lideri ýangyç-energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, hususan-da, täze energiýa geçirijisini – Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan —Hytaý gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan —Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň möçberli taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň we Täjigistanyň netijeli gatnaşyklaryny anyk mysallaryň hatarynda görkezdi. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüler.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Täjigistanyň dünýädäki we sebitdäki syýasy ýagdaýlara garaýyşlarynyň ýakyndygy, halkara giňişliginde olaryň birek-biregi goldaýandygy sebitiň ösüşinde möhüm orun eýeleýän goňşy döwletleriň netijeli gatnaşyklaryna, şeýle hem özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki dostlukly halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen hem-de täjik halklaryna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru