Şu gün Türkmenistanyň we Omanyň futbol ýygyndylarynyň baş tälimçileri žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler

0
319
9
0

Ertir paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda futbol boýunça nobatdaky dünýä we Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýygyndysy omanly futbolçylary kabul eder.

Mälim bolşy ýaly, türkmen futbolçylary saýlama tapgyrda ýurdumyzda geçirilýän duşuşyklarda üstünlikli çykyş edýärler. Şu wagta çenli Türkmenistanda üç duşuşyk geçiren ildeşlerimiz şolaryň birinde-de ýeňilmedi, gaýtam iki sany möhüm ýeňşi gazandy. Şu günki duşuşyk türkmen futbolçylarynyň saýlama tapgyrda öz topragymyzda geçirjek soňky oýny bolar. Mundan soň ildeşlerimiziň öňünde ýeke duşuşyk galýar. Ol hem geljek ýylyň mart aýynda Hindistanda geçiriljek duşuşykdyr.

Şu gün paýtagtymyzyň adybir myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Omanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçileri we kapitanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sowallaryna jogap berdiler. Omanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi, fransiýaly hünärmen Pol Le Guen žurnalistleriň sowallaryna jogap bermek bilen, Türkmenistanda özlerini juda mähirli garşylandyklaryny aýtdy. «Biz Aşgabadyň iň owadan myhmanhanalarynyň birinde ýerleşdik. Bu ýerden tutuş şäher eliň aýasynda ýaly görünýär» diýip, myhman toparyň baş tälimçisi aýtdy. Fransiýanyň «Nantes», «PSG» ýaly belli toparlarynda, milli ýygyndysynda (1993 — 1995-nji ýyllarda) futbol oýnan we «Ren», «Olimpik Lion», «PSG» ýaly meşhur fransuz toparlaryna hem-de Kamerunyň ýygyndysyna tälimçilik eden hünärmen Omanyň futbol ýygyndysynyň başyna 2011-nji ýylda getirildi. Şondan bäri hem omanly futbolçylar bilen dürli ýaryşlarda, esasan hem Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip gelýär.

«Biz bu duşuşyga ýokary derejede taýýarlykly geldik. Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýakynda eýranly futbolçylar bilen geçiren duşuşygynyň ýazgysyna tomaşa etdik. Şol duşuşykdan we sentýabr aýynda türkmen futbolçylary bilen biziň öz geçiren duşuşygymyzdan çen tutup, bu gezekki oýnuň juda çekeleşikli boljakdygyny öňünden aýdyp bilerin. Ýöne her näme-de bolsa, ýeňiş biziň üçin juda zerur. Çünki biz toparçada Eýranyň ýygyndysy bilen deň utuk toplap, dünýä çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna çykmak üçin göreşýäris» diýip, myhman aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.

Biziň milli ýygyndymyz ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar. Tejribeli tälimçi žurnalistler bilen bolan duşuşykda milli ýygyndymyzyň öz topragymyzda üstünlikli çykyş edýändigini aýtmak bilen, «Bu oýunda hem janköýerlerimiziň goldawy bilen ýeňşiň bizlik boljakdygyna ynanýarys» diýdi. «Toparda ähli zat ýerbe-ýer. Şu aýda ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň dünýäniň futbol ýygyndylarynyň sanawynda 34 basgançak ýokary galmagy bizi nobatdaky ýeňişlere ruhlandyrdy. Ýygyndymyzyň esasy futbolçylarynyň biri Arslanmyrat Amanow jezasy sebäpli bu duşuşyga gatnaşyp bilmez, ýöne biziň Ruslan Mingazow, Artur Geworkýan, Ahmet Ataýew, Süleýman Muhadow ýaly tejribeli futbolçylarymyz kän. Olaryň ýurdumyzyň sport abraýy üçin elinden gelenini gaýgyrmajakdygyna ynanýarys» diýip, baş tälimçi sowallara jogap berdi.

«Biz Omanyň ýygyndysy bilen ozal hem duşuşdyk. Şonuň üçin hem garşydaşlarymyzyň oýun tärinden habarymyz bar. Ýöne Oman Aziýanyň iň güýçli futbol ýygyndylarynyň biri. Şonuň üçin hem duşuşygyň ýeňil bolmajakdygy belli. Şeýle-de bolsa biz iýun aýynda Aziýanyň sanawynda birinji orunda durýan eýranly futbolçylar deňe-deň oýnap, güýçli garşydaşlara mynasyp jogap berip bilýändigimizi görkezdik. Galyberse-de ýeňiş bize zerur. Biz topary azyndan üçünji orunda tamamlap, Aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna gönümel gatnaşmagy maksat edinýäris» diýip, milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.

Ertir  ildeşlerimiz bilen bir toparçada çykyş edýän Guamyň hem-de Eýranyň milli ýygyndylarynyň arasynda hem duşuşyk geçiriler. Guam döwletinde geçiriljek bu duşuşykda eýranly futbolçylar ýeňiş gazansa, ildeşlerimiz hem şu günki duşuşykda, iň bolmanda, deňlik hasap bilen oýnap bilseler, türkmen futbolçylaryna öňde goýan maksadyna ýetmäge mümkinçilik bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru