Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk, terrorçylykly maksatlar üçin internetiň ulanylmagyna garşy çäreler we kiberjenaýat meseleleri boýunça okuw geçirilýär

00:4312.11.2015
0
3757

11-nji noýabrda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda sebit we halkara howpsuzlygynyň çäklerinde kiberhowpsuzlyk, terrorçylykly maksatlar üçin internetiň ulanylmagyna garşy çäreler we kiberjenaýat meseleleri boýunça okuw öz işine başlady.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan iki günlük okuwa gatnaşmaga kiberhowpsuzlyk boýunça halkara bilermenleri, guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş boýunça hünärmenler, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sekretariatynyň işgärleri, Beýik Britaniýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň degişli düzümleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, kiberhowpsuzlyk diňe bir maglumat jemgyýetiniň üstünlikli ösmegi üçin wajyp şert bolman, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde hem möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna hem-de bolup biläýjek kiberhowpa we kiberhüjüme, internetiň terrorçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna garşy durmaga aýratyn üns berildi. Çykyşlarda degişli maglumatlary ýygnamak we olary seljeriş işleri beýan edildi.

Ýygnananlar bu ugurda toplanan öňdebaryjy tejribe boýunça pikir alyşmalaryň barşynda kibergurşawy goramak üçin usullary öwredýän şeýle duşuşyklary dowam etmegiň we ysnyşykly halkara gatnaşygyny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň