Aşgabatda Halkara söwda sergisi açyldy

0
683
1
0

4-nji noýabrda Aşgabadyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de  “Meridyien”  türk kompaniýasy tarapyndan guralan Halkara söwda sergisi açyldy.

Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň —Türkiýäniň, Russiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň,  Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Italiýanyň we Gollandiýanyň 80-e golaý kompaniýalarynyň gatnaşmagy Aşgabatdaky serginiň gerimini görkezýär.  Ol halkara söwdasynyň ähli giň gerimine hem-de bu ulgamda dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryna bagyşlanyp, ilkinji gezek geçirilýär.

Halkara söwda sergisinde ýerli kärhanalar we  Türkiýäniň “ALPLER”, “Degirmenoglu”, “ NASSAN”, “SMARTTECH”, “EM-KA”, “GUVEN”, “Nakat plastik”, “MRK VALVE”, “ISTAMBUL PARCE”, “CAGDAS PANO”,  “ITIMAT”, Finlýandiýanyň “VAISALA”, Gazagystanyň “Misot Flex”,  Gonkongyň  “REСKE”, Şweýsariýanyň “Laurastar” kompaniýalarydyr kärhanlary ýaly dünýä meşhur önüm öndürijileri öz önümlerini hödürleýärler. Sergi köpugurlydygy bilen oňa gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Halkara söwda sergisi öz işini 6-njy noýabra çenli dowam etdirer. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru