Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

0
1033
0
0

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!

Gadyrly doganlarymyz!

Sizi hemişelik Bitarap döwletimiziň we ruhubelent halkymyzyň durmuşyndaky şanly waka — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sizi we ähli watandaşlarymyzy, külli türkmeniň ata Watany bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk saklaýan daşary ýurtly arkadaşlarymyzy, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan doganlarymyzyň ählisini bu beýik baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işleriňizde uly üstünlikleri we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň köňül arzuwydyr, galkynan ykbalydyr. Merdana ata-babalarymyzyň Garaşsyz, berkarar Watan, döwletli döwran baradaky arzuwlary 24 ýyl mundan ozal hasyl boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen belent sepgitler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna ýazylýan altyn sahypalar bolup, türkmen halky üçin hem, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan doganlarymyz üçin hem uly buýsançdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirip, bu düşünjeleri bütin dünýä bilen gatnaşyklarynda giňden ulanýar.

Ýurdumyz adamzadyň durnukly ösüşine, dünýäde ynanyşmak ýagdaýyny, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji syýasaty ýöredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde yglan eden başlangyçlarymyzyň dünýäde giň seslenme tapmagy biziň alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan bu gün dünýäniň abraýly döwletleriniň hatarynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýän, sebitde we tutuş dünýäde asudalygyň, özara düşünişmegiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, geljegi uly bolan hyzmatdaş döwlet hökmünde tanalýar.

Hormatly watandaşlar! Gadyrly dostlar!

Taryhda türkmenler Ýer ýüzüniň köp ýerlerine ýaýrapdyrlar. Olaryň käbir toparlary ýakyn ýurtlarda, beýleki bir bölekleri bolsa, has uzak ýerlerde mekan tutupdyrlar. Ýöne, türkmenler öz kökleriniň şu toprakdadygyny hiç haçan unutmandyrlar. Çünki, ata Watan, mukaddes toprak gözümiziň görejidir, başymyzyň täjidir. Türkmenistanda ýaşaýan her bir adam üçin hem, dürli sebäplere görä bu toprakdan aýra düşüp, alyslardaky ýurtlarda ýaşaýan türkmenler üçin hem Watan şirin jandan ezizdir. Ata-babalarymyzyň arzuwlary siňen bu mähriban toprak, Watanymyzyň berkararlygy biziň hemmämiz üçin in eziz, in gymmatly mukaddeslikdir.

Watanymyzyň at-abraýynyň barha ýokarlanmagy halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan baý medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary bilen hem gös-göni baglanyşyklydyr. Bu hakykata aýdyň göz ýetirmegiň alamaty hökmünde, biziň döwletimiz halkymyzyň ruhy-medeni ösüşine aýratyn ähmiýet berýär. Halkara derejeli medeni çäreleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky medeniýet günleri, dünýäniň dürli ýurtlarynyň Türkmenistandaky medeniýet günleri dünýä halklaryny milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrmakda, dürli medeniýetler bilen halkymyzy tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan doganlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek hem biziň döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Biz dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen hoşmeýilli gatnaşyklarymyzy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem yzygiderli pugtalandyrarys. Dürli ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň ýüzlerçesi ata Watanymyzda iş alyp barýarlar we ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu ugurda alnyp barýan işleriň gerimi mundan beýläk hem giňeldiler, ylym we bilim, medeniýet, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mundan beýläk-de ösdüriler.

Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!

Siziň ähliňizi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk şanly baýramy, şeýle hem döwletimiziň durmuşynda möhüm waka öwrüljek Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Türkmenistanyň Prezidenti                                                                                                                    

Gurbanguly Berdimuhamedow. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru