Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzyň şugundyrly meýdanlarynda hasyl ýygnamak işi başlanar

11:5619.10.2015
0
4757

Oktýabryň aýaklaryna ýurdumyzyň şugundyrly meýdanlarynda hasyl ýygnamak işi başlanar. Ekin meýdanlarynda jemleýji agrotehniki çäreler — dökün bermek, hatarara bejergisini geçirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreş işleri geçirildi.

“Maryşeker” aksioner jemgyýetiniň we Azyk senagaty döwlet birleşiginiň beýleki kärhanalarynyň oba hojalyk tehnikalary ýygyma doly taýýar edildi. Ýygym işleri başlanansoň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň tehnikalary hem ekerançylara kömege geler.

Kabul ediş nokatlary we “Maryşeker” AJ-niň önümçilik sehleri hasyly kabul etmäge doly taýýar, ekin meýdanlaryndan ýygnaljak gant şugundyrynyň ilkinji tapgyrlaryndan başlap bu ýerde olary gaýtadan işlemek we gant önümçiligi ýola goýlar. Şu ýylyň ýazky möwsüminde ekerançylar tarapyndan kärhana tabşyrylan 11 müň tonnadan gowrak şugundyr hasyly gaýtadan işlenilip, 700 müň tonna golaý gant alyndy. “Maryşeker” AJ-de şugundyryň täze hasylyndan 11 müň tonna gant almak bellenilýär.

Ýurduň ekin meýdanlarynda şugundyr ekmek her ýyl iki möwsümde — ýazda we tomusda geçirilýär.şugundyr ekilýän meýdanlaryň iň köp bölegi Mary welaýatynyň sekiz etrabynyň — Baýramaly, Wekilbazar, Garagum, Mary, Murgap, Oguz han, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynyň paýyna düşýär. Bu sebitde ýazky ekiş 1 müň gektarda, tomusky ekiş bolsa 13 müň 900 gektarda geçirilýär.

Geçen ýyl ýurtda şugundyr ekilýän meýdanlaryň sany artdyryldy. Mary welaýatynda şu maksat üçin bölünip berlen 14 müň 900 gektardan başga-da, Balkan welaýatynda 3 müň gektar meýdanda şugundyr ekilip başlandy. Günbatar sebitdäki şonça maýdanyň deň ýary — 1 müň 500 gektary Bereket, şonça bölegi hem Serdar etraplaryna degişlidir. Bu ýerlerde hem eýýäm ikinji, ýagny tomusky ekişiň bol hasyly alyndy.

Şeýlelikde, ýurtda şugundyr üçin niýetlenen ekin ýerleriniň umumy meýdany 17 müň 900 gektara barabar bolup, olardan bir ýylda şugundyryň 224 tonna hasylyny ýygnamak bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň