Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-belarus işewürler maslahaty geçirildi

01:1715.10.2015
0
4106

14-nji oktýabrda “Mizan” täjirçilik merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmäge  bagyşlanan türkmen-belarus işewürler maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guran duşuşygyna gatnaşmak üçin Belarusyň  döwlet düzümleriniň, Söwda-senagat edarasynyň sebit wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi, şeýle hem wekiliýetiň düzüminde iri hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary bar, şol kompaniýalar ykdysady işiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda “Borisowskiý şpalopropitoçnyý zawod”, “Belşina”, “Seýsmotehnika”,  “BKK “Domoçaý”, “Bobryýskiý zawod biotehnologiýa”, “Bellakt”, “Komunarka”, “Litoplast-Med”, “Witebskiýe kowry”, “Inwolýuks”  açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri we awtomobil gurluşygynda,  agajy gaýtadan işlemekde hem-de mebel pudagynda, azyk we dokma senagatynda, lukmançylyk enjamlarynyň önümçiliginde, halyçylykda işleýän beýleki kärhanalar bar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Jemagat hojalygy, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň, “Türkmenhaly”  we “Türkmenobahyzmat”  döwlet birleşikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Minsk bölüminiň baş direktory Aleksandr Fedorçuk belarusly hyzmatdaşlaryň  ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, bu gatnaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ýyl-ýyldan giňeldilýär. Türkmenistana zerur bolan tehnikalaryň müňlerçesini iberýän Minskiniň awtomobil zawody we Minskiniň traktor zawody  ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini görkezýär. Hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlary, hususan-da, ýurdumyza ýük wagonlaryny, ýol enjamlaryny, liftleri we belarus önümleriniň beýleki görnüşlerini ibermek baradaky meselä garalýar. Belarusdan getirilýän tehniki serişdelere öz wagtynda we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda köp ugurly merkez gurulýar.

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Belarusyň ykdysady gazananlary, özara bähbitlere laýyk gelýän uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler baradaky wideofilmler görkezildi.

Maslahatyň çäklerinde döwlet düzümleriniň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi, olaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň