Soňky habarlar

Arhiw

Batyr Hojamuhammedow Bangkokda kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medalyna mynasyp boldy

12:3214.10.2015
0
1110

Ýakynda  Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti kümüş medal bilen ýetirildi. Ony Batyr Hojamuhammedow ýakynda Tailandyň paýtagty Bangkokda kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda gazandy. 

Ýaryşa 20-den gowrak ýurtdan 170 töweregi türgen gatnaşdy. B.Hojamuhammedow 90 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekler toparynda wise-çempion boldy. Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ilki mongoliýaly türgenden ynamly üstün çykyp, soňra bolsa ýarym finalda Özbegistanyň toparyndan bolan dzýudoçyny ýeňip hem-de finalda Täjigistanyň wekilinden çekeleşikli göreşde ýeňlip, üç tutluşyk geçirdi.  

Bu ýaryşlar oňa gatnaşyjylar üçin şu aýyň ahyrky günlerinde kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) geçiriljek dzýudo boýunça dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Biziň watandaşymyz dünýä çempionatynda öz ýurduna mynasyp wekilçilik etjekdigini aýdyň subut etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň