Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry. Aziýa. «D» toparça nazar aýlap

0
352
4
0

Ilkinji nobatda bellemeli zat, ildeşlerimiziň saýlama tapgyrda ilkinji ýeňşini gazananlygyr. Aşgabatda türkmen futbolçylarynyň gazanan bu ýeňşi «D» toparçada 8-nji oktýabrda geçirilen iki duşuşygygyň netijesinde iň netijeli milli ýygyndynyň Türkmenistanyň milli ýygyndysy bolmagyna şert döretdi. Çünki şol gün Omanyň hem-de Eýranyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Hindistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna gazanylan möhüm ýeňiş, ýygyndymyzyň toparçadaky ornuny üýtgetmek üçin entek ýeterlik bolmasa-da, öňdebaryjylara ýakynlaşmagyna sebäp boldy.

Duşuşykdan öň Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen Eýranyň, Omanyň we Guamyň ýygyndylarynyň arasynda 6 utuk tapawut bardy. Indi şol tapawut Eýrandyr Oman üçin 4, Guam üçin bolsa 3 utuga çenli ýygryldy. Diýmek, 13-nji oktýabrda Guam bilen boljak duşuşykda türkmen futbolçylary ýeňiş gazanyp bilse, bu ýeňiş olaryň toparçada üçünji orna geçmegini üpjün eder. Sebäbi utuklar deň bolaýanda-da (eger oýunda milli ýygyndymyz ýeňiş gazansa, Türkmenistanyň hem , Guamyň hem utugy deňleşer, ýagny 7 utuk bolar), pökgi gatnaşyklarynda ildeşlerimiziň artykmaçlygy bar. Edil häzirki ýagdaýda hem 3-nji orundaky Guamyň milli ýygyndysy garşydaş derwezelere 3 pökgi geçirip, öz derwezesine 7 pökgi goýbertdiler. Häzirlikçe ýaryş tertibiniň 4-nji basgançagyny eýeleýän ildeşlerimiz bolsa, garşydaş derwezelere 4 pökgi geçirip, öz derwezesine 6 pökgi goýbertdiler.

Toparçanyň umumy ýagdaýyna ser salsak, 8-nji oktýabrdaky duşuşyklardan soň, Eýranyň milli ýygyndysy entek hem ýaryş tertibiniň lideri. Olaryň utugy omanly futbolçylaryň gazanan utugy bilen deň bolsa-da, pökgi gatnaşyklarynda ep-esli tapawut bar. Eýranyň pökgi gatnaşygy — +9, Omanyňky — +3. Şoňa görä-de, edil häzir Eýranyň ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga we Aziýa çempionatyna gönümler gatnaşmaga mümkinçiligi bar.

 Omanyň milli ýygyndysynyň häzirki görkezen netijesi onuň Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmagyna ýeterlikdir. Çünki toparçalarda ikinji orny eýelän 8 milli ýygyndynyň diňe dördüsi dünýä çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna we Aziýa çempionatyna gönümel gatnaşmaga hukuk gazanyp bilýär.

 Guamly futbolçylar bu tapgyrda dynç alan hem bolsalar, olaryň toparçada eýeleýän orny saklanyp galdy. Öňden bellenilen şertlere görä, toparçalarda üçünji orny eýelän milli ýygyndylar Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gönümel gatnaşyp bilerler. Guamyň ýygyndysynda häzir şu mümkinçilik bar.

 Toparçalarda dördünji orny eýelemek Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmak ýa-da şol tapgyra gatnaşmak üçin pleý-of duşuşyklaryny geçirmek diýmekdir. Bu dördünji orny eýelän 8 milli ýygyndynyň arasyndaky ornuň esasynda kesgitlenýär. Häzirlikçe 4 oýundan soň 4 utuk toplan ildeşlerimiz toparçalarda dördünji orny eýelän milli ýygyndylaryň arasynda iň ýokary netijäni gazandy we olar «dördünjileriň» sekizliginde birinji basgançakda. Bu bolsa türkmen futbolçylarynyň Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gönümel gatnaşyp biljekdigini görkezýär. Şeýlelikde, «D» toparçadaky duşuşyklar doly tamamlanandan soň hem, ildeşlerimiz dünýä çempionatynyň indiki saýlama tapgyryna çykyp bilmäýende-de, Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrlarynda duşuşyklaryny dowam etdirip biler. Diýmek, bize milli ýygyndymyzyň oýunlaryna ýakyn geljekde ýene birnäçe gezek janköýerlik etmek miýesser eder.

13-nji oktýabrda türkmenistanly futbol janköýerleri paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda ýene bir gyzykly duşuşyga şaýat bolup bilerler. Şol gün milli ýygyndymyz Guamyň ýygyndysyny kabul eder. Mälim bolşy ýaly, saýlama tapgyryň ilkinji duşuşygynda ildeşlerimiz Guamda 1:0 hasabynda ýeňlipdiler. Jogap duşuşygynda gazanyljak üstünlik türkmen futbolçylarynyň FIFA-nyň reýtingindäki ornunyň hem, toparçadaky ornunyň hem ýokarlanmagyna ýardam edip biler. Geliň, ýene-de ildeşlerimizi goldalyň! Olara janköýerlik edeliň! Olaryň ýeňiş gazanmagyny arzuw edeliň!

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru