Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy futbol boýunça 2018-nji ýylyň dünýä- çempionatynyň saýlama oýnunda Hindistan bilen bolan duşuşykda ýeňiş gazandy

08:5409.10.2015
0
2923

8-nji oktýabrda Aşgabatdaky “Köpetdag” sport toplumynyň meýdançasynda futbol boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň we Hindistanyň ýygyndylarynyň arasynda oýun geçirildi. Bu ýerde türkmen futbolçylary  2:1 hasaby bilen ýeňiş gazandylar.

Komandalaryň ikisi hem “D” toparyna wekilçilik edýär. Şu toparda olardan başga-da çempionata çykmak ugrunda Eýran Yslam Respublikasynyň, Omanyň we Guamyň ýygyndylary göreş alyp barýarlar. Häzir olaryň her biriniň 7 utugy bar. Türkmenistanyň we Hindistanyň ýygyndylary häzirlikçe yzdaky orunlary eýeleýärler: şu duşuşygyň öňüsyrasynda biziň ýygyndymyzyň 3 oýundan soň 1 utugy bardy (dördünji orun) we hindistanlylaryň bolsa ýekeje-de utugy ýokdy (bäşinji orun). Şoňa görä-de duşuşykda ýeňiş gazanmak komandalaryň ikisine-de örän zerurdyr.

Duşuşykdan öň biziň ýygyndymyzyň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumow birnäçe sebäplere görä hindistanly futbolçylar bilen duşuşyga esasy oýunçylaryň birbada birnäçesiniň – ýarym goragçylar Ruslan Mingazowyň, Serdar Geldiýewiň, hüjümçi Aleksandr Boliýanyň we esasy derwezeban Nikita Gorbunowyň gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy. Ýöne munuň özi biziň türgenlerimiziň lapyny keç etmedi. Olar şu gün örän owadan hem-de hüjümlere beslenen oýunlary görkezdiler.

Biziň bäsdeşlerimiz barada aýdylanda bolsa, oýnuň öň ýanyndaky metbugat maslahatynda Hindistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, angliýaly hünärmen Stefen Konstantin “Türkmenistan bilen oýnuň ýeňil bolmajakdygyny, ýöne öz komandasynyň bar ussatlygyny görkezip oýnamaga çalyşjakdygyny” belledi. Oýnuň görkezişi ýaly, ol mamla bolup çykdy. 

Duşuşyk Türkmenistanyň ýygyndysynyň hüjümlerinden başlandy. Biziň futbolçylarymyz eýýäm 8-nji minutda hasaby açdy. Okgunly hüjümiň barşynda ýarym goragçy Guwanç Abylow tapawutlandy. Ol batly urgy bilen pökgini derwezä geçirmegi başardy. Duşuşygyň 28-nji minutynda, biziň derwezebanymyzyň we goragçylarymyzyň ýalňyşlyga ýol bermegi netijesinde hindistanly goragçy Žeže Lalpehlua hasaby deňledi.

Şondan soňra ýer eýeleri has tijendiler. Hindistanyň ýygyndysynyň derwezesiniň öňünde döredilýän köp sanly howply pursatlara garamazdan, türkmenistanlylar bary-ýogy bir pökgini geçirmegi başardylar. Ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow duşuşygyň 60-njy minutynda dürs urgy bilen hasaby ikä ýetirdi.

Şu günki duşuşykda ýeňişden soň Türkmenistanyň ýygyndysynyň toplan utugy 4-e ýetdi, ýöne komandalaryň topardaky eýeleýän orunlary üýtgemän galdy. Muňa garamazdan, biziň türgenlerimiziň ýaryşyň indiki tapgyryna çykmagy üçin oňat mümkinçilikleri bar. Öňde ýene-de dört duşuşyk bar, olarda türkmenistanlylara ussatlygyny görkezmek zerur bolup durýar. Iň ýakyndaky oýun 13-nji oktýabrda geçiriler: Türkmenistanyň ýygyndysy Guamyň ýygyndysyny kabul eder. Iýun aýynda biziň ýygyndymyz bu topardan utulypdy. Indi şol utulyşyň öwezini dolmagyň wagty ýetdi.

Duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažymyzy seretmäge unutmaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň