Ruslan Migazow Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama böleginde Hindistanyň we Guamyň ýygyndylaryna garşy geçiriljek duşuşyklarda Türkmenistanyň ýygyndysyna kömek edip bilmez

0
1592
2
0

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Amangylyç Koçumow 8-nji we 13-nji oktýabrda Aşgabatda Hindistanyň hem Guamyň garşysyna geçiriljek saýlama duşuşyklara taýýarlanjak oýunçylaryň sanawyny atlaryny mälim etdi. Sanawda 25 futbolçy bolup, olaryň 23-si duşuşyga gatnaşyp biler.

 

Derwezeçiler:

Nikita Gorbunow (“Ahal”)

Mämmet Orazmuhammedow (“Altyn Asyr”)

Sergeý Kuznesow (“Aşgabat”)

 

Goragçylar:

Şöhrat Söýünow (“Altyn Asyr”)

Serdar Annaorazow (“Altyn Asyr”)

Bagtyýar Hojaahmedow (“Altyn Asyr”)

Rahymberdi Baltaýew (“Aşgabat”)

Mekan Saparow (“Balkan”)

Zafar Babajanow (“Ahal”)

Ýagmyrmyrat Annamyradow (“Balkan” )

Akmyrat Jumanazarow (HTTU)

 

Ýarym goragçylar:

Süleýman Orazow (“Ahal”)

Ahmet Ataýew (“Altyn Asyr”)

Umytjan Astanow (“Altyn Asyr”)

Guwanç Abylow (“Hazyna”)

Didar Durdyýew (“Hazyna”)

Artur Geworkýan (“Nasaf”, Özbegistan)

Arslanmyrat Amanow (“Almalyk”, Özbegistan)

Serdar Geldiýew (“Altyn Asyr”)

 

Hüjümçiler:

Süleýman Muhadow (“Altyn Asyr”)

Serdaraly Ataýew (“Balkan”)

Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”)

 

Ätiýanç üçin oýunçylar:

Amir Gurbani (“Balkan” )

Ilýa Tamurkin (“Merw”)

Aleksandr Boliýan (“Balkan” )

 

Amangylyç Koçumowyň “Türkmenportalyň” habarçysyna habar bermegine görä, Hindistanyň we Guamyň garşysyna geçiriljek öňdäki oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndysynda şikes alan Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşygynda Eýranyň ýygyndysynyň derwezesine gol geçiren Ruslan Mingazow kömek edip bilmez. Geçen ýyl bu oýunçy “Ýablonesiň” düzüminde bürünç medal eýeläp, Çehiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalçysy bolupdy. Onuň ýerine ätiýaja girizilen futbolçylaryň biri goşular.

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň ýygyndysy doly düzümde Gökderä ýygnanar we şol ýerde Hindistana garşy geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görer.

Türkmenistanyň we Hindistanyň ýygyndylary “D” toparçada çykyş edýär. Häzirlikçe türkmenistanlylaryň 1 utugy bar, hindilerde bolsa heniz utuk ýok.

Häzire çenli Hindistanyň ýygyndysy birmeňzeş 1:2 hasabynda Omandan we Guamdan, hem-de 0:3 hasabynda Eýrandan ýeňildi. Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa myhmançylykda Guamdan 0:1 hasabynda asgyn gelip, öz meýdanynda reýting boýunça Aziýanyň iň gowy topary Eýran bilen 1:1 oýnady, soňra Maskatda Omandan ýeňildi — 1:3.

Öňdebaryjylardan — Eýranyň, Omanyň, Guamyň ýygyndylaryndan 6 utuk yza galýan Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýaryş tertibindäki ýagdaýy biziň futbolçylarymyzy öz meýdanynda Hindistana we Guama garşy geçiriljek duşuşyklarda diňe ýeňiş üçin oýnamaga borçly edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru