“Tegelek stola” gatnaşyjylar Londona ugradylar, şol ýerde olar Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar

0
656
3
0

Şu gün 29-njy sentýabrda Londonda «Türkmenistanyň nebitgaz pudagy – maýa goýumlary üçin mümkinçilikler» atly iki günlük maslahat öz işine başlaýar. Oňa gatnaşmak üçin Beýik Britaniýanyň paýtagtyna türkmen wekiliýeti geldi. Dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen «tegelek stol» görnüşinde geçirilýän duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan guraldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary üçin guramaçylyk we hukuk çäkleri, ösüşiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem olary dünýä bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerine aýratyn üns berler. Garaşylyşy ýaly, «tegelek stol» meýdançasy nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli platforma öwrüler.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegi, onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýurtda syýasy durnuklylyk we milli kanunçylygyň degişli halkara kadalary bilen berkidilen amatly maýa goýum ýagdaýy nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen bilelikde döwlet üçin strategik taýdan möhüm bolan ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýalarynyň akymy üçin oňaýly şert döredýär.

Bellenilişi ýaly, Londonda geçiriljek duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge, şol sanda deňizde nebitgaz çykarmaga we ugratmaga gönükdirilen iri taslamalara aýratyn üns berler. Bu mesele Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça strategiýanyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Degişli ugurda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň, şeýle hem türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazaryna ugratmagyň taslamalary işjeň işlenip taýýarlanýar.

Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň hökümetiniň kanunlardaky täzelikler we daşary ýurt maýadarlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada maglumat berler. Maslahat Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalary üçin maýa goýum mümkinçilikleriniň giň çäkleriniň meýilnamasyny birinji hatara çykarar hem-de geljegi uly türkmen bazaryna täze hyzmatdaşlary çekmäge ýardam eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru