Paýtagtlylaryň çekeleşikli duşuşygynda “Altyn asyr” ýeňiş gazandy

0
731
2
0

Sişenbe güni Aşgabatda, Maryda we Daşoguzda geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 25-nji tapgyry başlandy.

Paýtagtymyzyň adybir topary “Aşgabat” öz meýdançasynda heniz üçünji aýlawda ýeňlip görmedik, çempionatyň lideri — “Altyn asyry” kabul etdi. Şu möwsümde garşydaşlar iki gezek duşuşyp, olaryň ikisinde hem birmeňzeş 1:0 hasap bilen “Altyn asyr” ýeňiş gazanypdy.

Aşgabatlylar oýna hyjuwly girişdiler we 26-njy minutda Pirmyrat Gazakowyň urgusyndan soň öňe saýlandylar - 1:0 . Toparlar şeýle hasap bilen arakesmä gitdiler.

Ikinji ýarymda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri oýnuň gidişini öz peýdalaryna üýtgetmek üçin köp tagallalar etdiler we netije gazandylar. 58-nji minutda Kazanyň “Rubininiň” ätiýaçdaky düzüminiň öňki hüjümçisi Selim Nurmyradow hasaby deňledi - 1:1. 67-nji minutda bolsa Umytjan Astanow “Altyn asyra” ýeňiş getirdi - 2:1.  

Öz meýdançasynda “Hazynadan” 4:1 hasabynda üstün çykan “Merw” özüniň 2015-nji ýylyň çempionatyndaky ilkinji uly hasaply ýeňşini gazandy. Ýer eýeleriniň düzüminde birinji ýarymda Tirkiş Muhammetberdiýew iki gol geçiren bolsa, ikinji ýarymda Toýly Goçnazarow bilen Daýanç Durdyýew tapawutlandy. Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini Didar Durdyýew 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi. Indi onuň çempionatda jemi 12 goly boldy.

Diýarymyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde geçirilen duşuşykda bolsa garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Bu ýerde çempionatda iň soňky orunda barýan “Daşoguz” ýakynda özüni Türkmenistanyň kubogynda ýeňlişe sezewar eden “Energetikden” utuk almagy başardy. Duşuşygyň dowamynda daşoguzlylar öňe saýlanmagy hem başardylar. 43-nji minutda Eziz Abdullaýew tapawutlandy. Emma arakesmeden soň Mekan Nasyrow hasaby deňläp, öz toparyny ýeňlişden halas etdi – 1:1.       

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyry HTTU – “Şagadam” we “Balkan” – “Ahal” duşuşyklary bilen dowam eder.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Merw" – "Hazyna" – 4:1 (2:1)

22-nji sentýabr. Mary. "Sport toplum". 2 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Tirkiş Muhammetberdiýew 32, 40, Toýly Goçnazarow 47, Daýanç Durdyýew 50 – Didar Durdyýew 35 (11 metrlik urgudan).

Duýduryş alanlar: Daýanç Durdyýew 4 – Güýçmyrat Annakulyýew 2

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Serdar Ýaryýew.

 

"Aşgabat" – "Altyn Asyr" – 1:2 (1:0)

22-nji sentýabr. Aşgabat. " Aşgabat " stadiony. 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Pirmyrat Gazakow 26 – Selim Nurmyradow 58, Umytjan Astanow 67.

Duýduryş alanlar: Ata Geldiýew 48, Wugar Abdullaýew 90+3 – Ahmet Ataýew 56, Bagtyýar Hojaahmedow 83, Şöhrat Söýünow 85, Serdar Annaorazow 90+2.

Emin: Resul Mämmedow.

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

 

"Daşoguz" – "Energetik" – 1:1 (1:0)

22-nji sentýabr. Daşoguz. "Sport toplumy". 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Eziz Abdullaýew 43 – Mekan Nasyrow 47.

Duýduryş alanlar: Resul Saparbaýew 8, Hudaýguly Satdyýew 17, Yhlas Aýmamedow 36, Izzat Hudaýbergenow 80 – Ylýas Minhairow 60, Eldar Aliýew 62.

Oýundan çykarylan: Yhlas Altyýew 50 ("Daşoguz" administrator).

Emin: Babanazar Haknazarow.

Duşuşygyň inspektory: Mels Işmuhammedow.

23-nji sentýabra çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 22 (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 20 gol.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 17.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 15 (6).

 

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru