Maryda söwda-dynç alyş toplumy Işewürlik merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar

0
858
2
0

Mary şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça Işewürlik merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. “Ezizdag” hususy kärhanasy baş potratçy bolup durýar, “ferhor” hojalyk jemgyýeti we “Erkingurluşyk” hususy kärhanasy bolsa gurluşyga paýly başlangyçlarda gatnaşýarlar.

Toplum üç bölekden ybarat bolup, olaryň esasysy Işewürlik merkezidir. Onuň birinji gatynda “Rysgal” aksioner-kommersiýa bankynyň mary welaýat bölümi ýerleşýär. Ikinji gat tutuşlygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň welaýat bölümi üçin niýetlenendir. Üçünji we soňraky gatlarda ofis otaglary ýerleşýär.

Söwda-dynç alyş merkezi hem dört gatly binadan ybarat bolar. Birinji gaty supermarket we dürli ugurly dükanlar eýelär we olar ikinji, üçünji gatlarda-da ýerleşer. Iň ýokarky gat kafe, restoran, oýunlar zaly üçin niýetlenilýär.

“Toý mekany” binasy hem toplumyň bezegine öwrüler. Onuň köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmek üçin 750 orunlyk zaly, şeýle hem naharhanasy, fotostudiýasy, gözellik salony we beýleki köp sanly otaglary bolar.

Merkeziň çägi 2,7 gektar meýdany eýeleýär. Gutarnykly görnüşde ol bagçylyk-seýilgäh bezegli häzirki zaman binagärlik nusgalarynyň sazlaşygyny emele getirer.

Häzirki wagtda 3500 kwadrat metr meýdany eýeleýän dört gatly söwda-dynç alyş merkezinde işler ikinji gatyň derejesinde alnyp barylýar. Onuň gapdalynda Işewürlik merkeziniň ýedi gatly binasy galdyrylar, bu ýerde işlere ýaňy girişildi. Desga “Marytaslamanyň” hünärmenleriniň taýýarlamaly möhleti — indiki ýylyň ahyry. Ähli işler bellenilen grafik boýunça alnyp barylýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru