Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

0
1202
4
0

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarly ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň birnäçesi bilen tanyşlygynyň barşynda paýtagtymyzyň täze howa menziline gelip gördi. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy we tagallasy boýunça gurluşygyna badalga berlen Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menzilini ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanai Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy gurýar.

Täze howa menziliniň terminallarynyň birinde Türkmneistanyň Prezidentine paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly täze binalaryň taslamalary we çyzgylary görkezildi.

Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän köp şahaly, köpugurly we howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi taryhy eýýamyň zerurlygydyr.  “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi iri ulag-üstaşyr we yklym hem-de yklymüsti ähmiýeti bolan logistik merkez hökmünde çykyş edýän ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen şertlenendir.

Bu babatda  sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Aşgabadyň Halkara howa menziline möhüm orun degişlidir. Ol dürli kysymdaky we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr hem-de şol bir wagtyň özünde olara halkara ölçeglerine laýyk  hyzmaty üpjün eder. Taslamada ýolagçy,   ýük  terminallary, 3 müň 800 metr uzynlygy bolan täze  uçuş-gonuş zolagy, goşmaça ýollar, duralga ýerleri we howa ulaglary üçin duralgalar, howa hereketiniň dolandyryş gullugynyň diňi, başga-da birnäçe degişli desgalar bar. Mundan başga-da, häzir hereket edýän uçuş-gonuş zolagyny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Täze howa menzili iň kämil enjamlar bilen üpjün ediler. Aerowokzal toplumynyň ýerleşýän ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr.

Paýtagtymyzyň täze howa menzilinde ýolagçylar üçin amatly garaşylýan zallaryň, hasaba alyş bölümleriniň, eneler we çagalar üçin otaglaryň, maglumat tablosynyň, sorag-jogap bölüminiň, petek satylýan ýerleriň, goşlaryň saklanýan bölümleriniň, bankomatlaryň, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän otagyň, restoranlaryň, duty-free dükanlarynyň hem-de beýleki bölümleriň boljakdygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde uçarmanlar we üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhana göz öňünde tutuldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru