Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti aragatnaşyk pudagynyň işgärlerini «Türkmentel — 2015» IX halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň açylmagy bilen gutlady

09:3616.09.2015
0
3563

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň we kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2015» IX halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Aragatnaşyk pudagyna täze tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň milli telekommunikasiýa ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk derejede ösdürmek babatda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Size Aşgabatda her ýyl geçirilýän bu sergide we maslahatda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda, däp bolan dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

2015-nji ýylda Türkmenistan özüniň ilkinji milli «TürkmenÄlem 520E» aragatnaşyk hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen, bu ugurda hem netijeli işleri alyp barýan döwletleriň hataryna goşuldy.

Bu örän guwandyryjy wakalaryň biridir. Indi ýurdumyz dürli görnüşli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we Ýer ýüzüniň beýleki onlarça döwletlerine bu ugurda hyzmatlary etmäge mümkinçilige eýe boldy. Bu bolsa, ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge, hususan-da, ýokary tizlikli Internet ulgamynyň elýeterliligini, ýokary hilli telegepleşikleri, hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň innowasion ösüşine, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine, halk hojalygynyň pudaklarynyň maglumat — aň-bilim mümkinçilikleriniň artmagyna, täze ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Geljekde älem giňişligini öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barmak, howa şertlerini we ýer serişdelerini öwrenmek boýunça hem netijeli çäreler durmuşa geçiriler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösdürmekde, bu ugurda häzirki zaman hyzmatlaryny etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän, kämil telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň çäginde gurlan halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlary diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, beýleki sebitleriň arasynda hem möhüm üstaşyr geçiriş aragatnaşyk ulgamlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähmiýetli ugry hökmünde milli aragatnaşyk pudagynyň has-da ösmegine ýardam berýär.

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistan dürli ýurtlar bilen işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, ähli ugurlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýan döwletleriň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaş ýurtlary bilen bilelikde öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Biziň ýurdumyz syýasy, işewürlik we ylmy gatnaşyklar boýunça halkara merkezleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sebit hem-de ählumumy ähmiýetli maslahatlar we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi täze wezipeleri, şol sanda kommunikasiýa we elektron aragatnaşyk serişdeleriniň has-da kämilleşdirilmegi bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Ýokary maglumat tehnologiýalary ulgamynda hödürlenýän dürli hyzmatlara bolan isleg yzygiderli artýar. Ýurdumyzda aragatnaşygyň häzirki şertlerinde ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Telefon beketleri döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary gurulýar, aragatnaşygyň hemra ulgamy hereket edýär, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamy giňeldilýär, edaralaryň, kärhanalaryň we okuw mekdepleriniň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanýar, Internetden peýdalanýanlaryň sany yzygiderli artýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan transmilli telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen özara bähbitli esasda hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyr. Şeýle gatnaşyklar sebitiň ägirt uly üstaşyr geçiriş kuwwatynyň artdyrylmagyna, aragatnaşygyň häzirki zaman hyzmatlarynyň ýola goýulmagyna, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine uly itergi berýär. Bu bolsa diňe bir Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna däl-de, eýsem, Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşine hem ýardam berer.

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

Gadyrly dostlar!

Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2015» IX halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bu halkara sergisiniň we maslahatyň dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn!

Size berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň