ABŞ-nyň işewür toparlary Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýär

3
515
0
0

ABŞ-nyň işewür toparlary bu gün  ykdysady taýdan ösüp, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolup durýan Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýär — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň barşynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuart belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Erik Stýuarta mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan iri amerikan kompaniýalarynyň milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Türkmenistan deňhukuklylyk esasynda hyzmatdaşlyk etmäge hem-de gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek üçin açykdyr.

Döwlet Baştutany we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäniň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Işewürler maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň amatly ýollaryny işläp düzmäge ýardam edýär diýlip bellenildi. Ulag ulgamy we oba hojalygy  türkmen-amerikan işewür gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Maliýe ulgamynda özara gatnaşyklar we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda amerikan işewüri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitara gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen üstaşyr – ulag ulgamynda taslamalary amala aşyrmak boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, geografik taýdan amatly ýagdaýy eýeleýän Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Türkmen döwletiniň netijeli teklipler bilen çykyş edýändigini we halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça ähmiýetli taslamalaryň başyny başlandygyny belläp, jenap Erik Stýuart bu işleriň köp ýurtlara Ýewraziýa yklymynyň iri halkara bazarlaryna çykmaga  uly mümkinçilikleri açjakdygyna, hem-de dünýä ykdysadyýetine we söwdasyna üstünlikli goşulmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada aýdyp,  iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryny  giňeltmäge ýardam edýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
nazar8999 ( 09/09/2015 )

Самое главное в долговую яму не попасть.

nazar8999 ( 09/09/2015 )

Джон Перникс - Исповедь экономической убийцы.

Рейтинг@Mail.ru