Türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary Ýemeniň ýygyndysyny ýeňdiler

16:3403.09.2015
0
2483

Dünýä çempionaty – 2018-iň saýlama ýaryşynda türkmen futbolçylarynyň ýakyn wagtdaky garşydaşy bolan Omanyň ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Ýemeniň toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş pökgüsini Mohsen Joharyň ýakyndan ýardam bermeginde 11-nji minutda Muhammed Al Maşari geçirdi. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Munuň özi Omanyň futbolçylary üçin Dünýä çempionaty-2018-iň şu günki Türkmenistanyň ýygyndysyna garşy boljak saýlama duşuşygynyň öňündäki özboluşly taýýarlyk boldy. Bu duşuşyk “Sib” stadionynda Aşgabat wagty bilen 20.00-da başlanar.

Iki toparyň hem “D” saýlama toparçasynda çykyş edýändigini ýatladýarys. Bu toparçada şu gün ýene bir oýun — Eýran – Guam duşuşygy geçiriler.

“D” toparçasyndaky toparlaryň ýaryş tertibindäki ýagdaýy:

Toparlar                 O    U     D     Ý     pökgi     O

1. Guam                  2     2      0     0       3-1        6

2. Oman                  1     1      0     0       3-1        3

3. Eýran                  1     0      1     0       1-1        1

4. Türkmenistan    1     0      1     1       1-2        1

5. Hindistan            2     0      0     0       2-4        0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň