Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapary başlanýar

22:3326.08.2015
0
2799

27-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapary başlanýar.

Türkmenistan we Owganystan ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyga aýratyn ähmiýet berýärler. Ol häzirki tapgyrda örän işjeňleşen hem-de hil taýdan täze sepgide çykan döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda täze möhüm ädim bolmaga gönükdirilendir.

Netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýän ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de geljekki meýilnamalar babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri çykarylar. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasyna häzirki resmi sapary, gürrüňsiz suratda, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň synmaz gatnaşyklary bilen baglanyşan türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň has-da yzygiderli ösdürilmegine täze itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň