Sentýabr — iri medeni, köpçülik çäreleriniň aýy

0
509
0
0

Sentýabr aýynyň gelmegi bilen ýurdumyzda iri medeni, köpçülik çäreleriniň uly tapgyry geçiriler. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp orta mekdepleriň 23-siniň, çagalar baglarynyň onusynyň,  A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň, çagalar awtoşäherjiginiň, şeýle hem iri söwda merkeziniň hem-de köp gatly awtoduralganyň açylyş dabaralary bolar. “Arkadag” seýilgähinde geçiriljek ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti baýramçylyk gününiň jemlenmesi bolar.  

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Sport toplumynyň, Awaza etrabyndaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, Türkmenbaşy şäherinde bekre balygyny gaýtadan işleýän kärhananyň, Kongresler merkeziniň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi, “Türkmeniň Altyn asyry”  bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanylmagy  we medeniýet işgärlerine hormatly atlaryň dakylmagy mynasybetli  giň möçberli dabaralar guralar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru