Türkmen wekiliýeti Izmir halkara ýarmarkasyna gatnaşar

0
112
0
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa  hasabat berlişi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 114,4 göterime barabar boldy. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 106,3 göterime, lomaý haryt dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 118,8 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 146 birža söwdasy geçirildi. Şol döwürde jemi bahasy 35 milliard 182,4 million manada deň bolan 12 müň 659 şertnama hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Ýedi aýyň dowamynda 15 sergi we 14 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2015-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişi 14,3 göterim, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi 19,2 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk – gurnama işleriniň ösüş depgini 101 göterim üpjün edildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy söwda - haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 124 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini bolsa 130,6 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we önüm öndürijileriniň önümlerini dünýä bazarlarynda ilerletmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutany işjeň gatnaşyklaryň ösýän häzirki döwründe hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belledi. Häzirki wagtda bu ulgam milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudagydyr. Milletiň Lideri söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň abraýly ykdysady forumlaryň biri bolan Izmir halkara ýarmarkasyna gatnaşmagy barada durup geçip, bu çäräniň ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmäge, daşary ýurtlaryň kärhanalary bilen netijeli işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga, bilelikdäki önümçilikleri guramaga, söwdany ösdürmäge ýardam etmelidigini nygtady. Milli bölümimiziň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanan üstünliklerini, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny, baý eksport we serişdeler kuwwatyny doly açyp görkezmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu foruma taýýarlyk görmek boýunça işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru