Döwrebap Aşgabady gurmak işleri giň gerimde alnyp barylýar

0
865
0
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen hasabatda-da aýdylşy ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda Aşgabat şäherini mundan beýläk hem ösdürmek boýunça 4456,54 million manat maýa goýumlary özleşdirilip, meýilnama 132,3 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, şäherde dürli maksatly 589 desganyň we binalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şol sanda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça desgalaryň we binalaryň 232-siniň gurluşygy dowam edýär.

Şu ýylyň ýedi aýynda desgalaryň 24-si ulanmaga berildi we ýylyň ahyryna çenli ýene-de 43-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Olardan binalaryň 32-siniň gurluşygy türkmen paýtagtyny gurmagyň 13-nji nobatdakysyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu tapgyrda maşgalalaryň 638-si üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sini, 600 orunlyk mekdepleriň 2-sini, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisini, 200 orunlyk 3 gatly awtoduralgalaryň 2-sini, Saglyk öýüni we dürli edaralaryň binalarynyň 11-sini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bitarap Türkmenistan şaýolundan Garaşsyzlyk şaýoluna çenli aralykda ýerasty pyýada geçelgeleriň 4-sini gurmak, şeýle hem inžener ulgamlarynyň hemmesini çalyşmak meýilleşdirildi.

1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar güni 1000 orunlyk A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebini, 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-sini we Ruhabat etrabynda 160 orunlyk çagalar baglarynyň 2-sini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. 2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, köçeleriň 20-siniň durkuny täzelemek işleri geçiriler, häzir olaryň 13-sinde işler alnyp barylýar.

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Umuman alnanda, ýaşaýyş jaýlarynyň 2273-siniň durkuny täzelemek meýilleşdirildi, häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň 949-synda abatlaýyş işleri tamamlandy we 1192-sinde dowam edýär.

Bulardan başga-da paýtagtymyzda seýilgäh toplumlary gurulýar we bag ekmek boýunça işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini ösdürmegiň meseleleriniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny, bu işler üçin jogapkär düzümleriň sazlaşykly hereket etmelidigini belledi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça, şol sanda gök zolaklary döretmek we bezeg agaç nahallaryny oturtmak boýunça işleri geljekde hem alyp barmagyň möhümdigini belläp, bu işi ylmy esasda geçirip, oňa Ylymlar akademiýasynyň alymlaryny we degişli düzümleriň hünärmenlerini çekmegiň zerurdygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru