Bişkekde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi

0
487
9
0

Bişkekde “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda ikiçäk gepleşikler başlandy.

Duşuşykdan öň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Özara düşünişmek we ynam ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary ýangyç-energetika, ulag we söwda-ykdysady ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şeýle hem däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky pikiri öňe sürdüler, bu gatnaşyklaryň binýady iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyna esaslanýar.

Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde Uly mejlisler zalynda dowam etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru