Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda kemala gelýän deňiz şypahanasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

07:5431.07.2015
0
6448

30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtlyk dynç alyş döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda kemala gelýän deňiz şypahanasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Şu gün irden döwlet Baştutany Awaza derýasynyň kenarynda ýerleşýän “Akmaýa” dabaralar merkezine bardy, şol ýerde milletiň Liderine gezelenç katerleriniň dürli nusgalary hödürlenildi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen tanşyp, dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi barada alada etmegiň, şol sanda Awaza derýasynda hem-de Hazar deňzinde gezelençleriň görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerleriniň biri bolan Awaza derýasynda katerde gezelenç etdi. Bu gezelenje döwlet Baştutanynyň  egindeşleri hem goşuldylar.

Uzynlygy ýedi kilometre barabar bolan bu derýa ýerli tebigat bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Onuň özboluşly ulaglar hem-de pyýadalar üçin niýetlenen köprüler bilen birleşdirilen  kenarlarynda oňaýly kafeleri we restoranlary, gezelenç etmäge niýetlenen  gämiler üçin duralgalary, pyýadalar hem-de welosiped ýodajyklaryny öz içine alýan abadanlaşdyrylan zolak ýerleşýär.

Derýanyň giňligi onda deňiz ýahtalarynda gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Şol ýahtalar bolsa ýörite suw desgasy arkaly açyk deňze çykyp bilýärler. Awazanyň çäginden geçýän derýada gezelenç etmek bu ýere dynç almaga gelýänleriň ählisinde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şunuň bilen birlikde, bu derýada sportuň suw görnüşleri boýunça ýaryşlary, dürli medeni çäreleri hem-de baýramçylyk dabaralaryny geçirip bolýar.

Ýol ugrunda Türkmenistanyň Prezidenti milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny we täze gurluşyklaryny gözden geçirdi. Şol gurluşyklar bolsa bu ýerde köpugurly şypahana düzüminiň okgunly döredilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ýerden, derýadan Awazanyň ajaýyp görnüşi açylýar. Ýokary derejeli myhmanhanalar  we abadanlaşdyrylan dynç alyş zolaklary Awazanyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar.

Ýakyn geljekde milli syýahatçylyk zolagynyň  düzüminiň üsti häzirki wagtda gurulýan täze desgalar bilen ýetiriler. Olaryň hatarynda Okeanarium, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen gurulýan köp ugurly sport toplumy bar.

Derýadan Awaza etrabynyň merkezindäki täze gurluşyklara hem täsin görnüş açylýar. Häzirki wagtda bu ýerde edara binalary, durmuş maksatly desgalar we ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow katerden derýanyň kenarlaryny synlap, Awazada ýaşyl zolagy döretmek meselesine ünsi çekdi. Munuň özi jana şypaly arassa deňiz howasy bilen birlikde milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa ýagdaýyny, oňaýly ekologiýa gurşawyny üpjün edip, dynç alýanlaryň uzak wagtlap sagdyn bolmagyny kepillendirer.  Bu babatda bagçylyk-seýilgäh bezegi ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de iň gowy tejribesini ulanmak möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny  döretmegiň esasy maksady deňiz ýakasynyň ägirt uly şypahana kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň dynç almagy üçin has amatly şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. Çünki adamlar, olaryň abadançylygy we saglygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Suwda gezelenç tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti  Awaza derýasynyň kenarynda egindeşleri bilen çaý başyndaky söhbetdeşligiň barşynda milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň geljegi barada gürrüň etdi.  Bu syýahatçylyk zolagyny ýurdumyzyň hakyky şypahana merjeni diýip atlandyrmak bolar. 

Döwlet Baştutany hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Munuň özi jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawynyň takyk guralmagyny hem göz öňünde tutýar. Adamlaryň göwnejaý dynç almagy we boş wagtyny peýdaly geçirmek, şol sanda sportuň suwda oýnalýan hem-de beýleki  görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleri döretmek "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milletiň Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň