Aşgabatda täze ýaşaýyş toplumy gurulýar

0
1618
4
0

Aşgabady gurmagyň 14-nji nobatdakysynda Bitarap Türkmenistan hem Garaşsyzlyk şaýollarynyň we Oguzhan hem-de 1971-nji (G. Ezizow) köçeleriniň aralygynda täze ýaşaýyş toplumy gurulýar.

Umuman, paýtagty gurmagyň şu tapgyrynda 23 desga gurlar. Olaryň 22-si birinji gatlarynda senagat we azyk harytlary dükanlary ýerleşen ýokary amatlykly 44-46 otagly 12 gatly ýaşaýyş jaýlary bolar. Şeýle hem bu ýerde 160 orunlyk çagalar bagy gurlar.

Gurmagyň şeýle meýilnamasy Aşgabady gurmagyň ýakyn aralykdan geçýän 13-nji nobatdakysynyň täze toplum çägi hasaba alnyp işlenilip-taýýarlanyldy. Ol ýerde hem ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, adminstratiw we jemgyýetçilik binalarynyň, şol sanda durmuş binýatly desgalaryň 18-si gurulýar.

Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmagyň çäklerinde dynç almaga çaga oýunlaryna, sport bilen meşgullanmaga medeni-köpçülik çärelerini geçirmäge şeýle hem awtoulag duralgasyna niýetlenen ýörite meýdançalar peýda bolar. Güllere beslenen ýaşyl zolak we özboluşly çyralar bu çäge gözellik berer.

Binalaryň, olaryň bezeginiň we abadanlaşdyrylyşynyň taslamalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýurdumyzyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň gatnaşmagynda bilelikde taýýarlanyldy. Aşgabady gurmagyň 14-nji nobatdakysynyň giň möçberli taslamasyny amala aşyrmaga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň 20-ä golaýy gatnaşýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kompaniýalar, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň 10-synyň buýrujylary hem paýly gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Desgalaryň galan bölegi ýurdumyzyň aýry-aýry edaralarynyň buýurmalary boýunça gurulýar.

Desgalary doly taýýar edip, ulanyşa tabşyrmak bilen, gurluşyk işlerini 2016-njy ýylyň oktýabrynda tamamlamak bellenilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru