Özboluşly ady bilen opera şabikesi türkmen tomaşaçylarynyň söýgüsine mynasyp bolýar

0
948
11
1

Tatarystanyň G. Tukaý adyndaky döwlet filormoniýasynyň aýdymçysy Rigina Waliýewanyň iýun aýynda Mary şäherinde eden çykyşy uly üstünlige beslendi. Bu ýerde TÜRKSOÝ Halkara guramasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda “Türk dünýäsiniň häzirki zaman nusgawy sazlarynyň ajaýyp eserleri” atly konsert geçirilipdi. Zehinli aýdymçy ýakymly sesi, üýtgeşik maýyl edijiligi bilen türkmen tomaşaçylaryny haýran galdyrypdy. Haçan-da, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gününe gününe bagyşlanan konserti açmagy kime ynanmalydygy hakyndaky mesele örboýuna galanda, medeniýet ýolbaşçylary ur-tut zehinli opera aýdymçysy Rigina Waliýewany ýatladylar.

Dünýä opera ýydyzlarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserti açmak hukugy-da hut şoňa ynanyldy. Aýdymçy dünýäniň saz sungatynyň meşhur ussatlarynyň operalarynda belli ariýalary ýerine ýetirdi. Çykyşlarynyň arasyndaky arakesmede opera şabikesi “Türkmenportalyň” okyjylary üçin gürrüň berdi.

—Rigina, sizi üstünlikli çykyş bilen gutlaýarys. Opera sungatyny söýüjiler siziň çykyşyňyzy gyzgyn garşyladylar. Siziň döredijilik ýoluňyz nähili başlandy?

—Men Irkutsk oblastynyň Angarsk şäherinde doglup, önüp-ösdüm, şol ýerde-de çagalygymdan aýdym aýdyp başladym. Irkutskide sazçylyk uçilişesini tamamladym, soňra kazanyň Döwlet konserwatoriýasyna okuwa girdim. Professional aýdymçy bolmak we ykbalymy opera sungatyna baglamak baradaky arzuw-isleglerimi goldandyklary üçin öz ýakynlaryma minnetdarlygymyň çägi ýok.

—Siziň doglan wagtyňyzyň, ýakynlaryňyzyň gürrüňini etdikmi, diýmek, näme üçin sizi Regina däl-de, Rigina diýip atlandyrandyklarynyň sebäbini bilmek hem gyzykly bolardy.

—Meniň enem-atam şahadatnamada adym ýalňyş ýazylandyr diýip oýuna-küýüne getirip bilmändirler. Wagtyň geçmegi bilen, maňa adymy Regina diýip düzetmegi teklip etdiler. Ýöne men bu mesele bilen baglanyşykly birgiden edebiýatlary öwrenip, doglan günümde dakylan ady üýtgetmezlik kararyna geldim. Özboluşly ada eýeligim, dogrusy, maňa ýaraman hem duranok.

—Bu günki gün sizi iň gowy opera aýdymçylaryň biri hasaplamak bolar. Size haýsy eserleri ýerine ýetirmek has ýaraýar?

—Haýsydyr bir eseri aýratyn belläp biljek däl. Aýdýan aýdymlarymyň ählisem maňa ýaraýar. Öz göwün islemeýän aýdymyňy ýerine ýetirmek mümkin däl.

—Rigina, dünýäniň opera ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky konserti açmak mümkinçiliginiň miýesser edenligine nähili garadyňyz?

—Bu meniň üçin garaşylmadyk ýagdaý bolup, şol bir wagtyň özünde belli opera aýdymçylarynyň gatnaşan konsertini açmagyň özüme ynanylmagy diýseň ýakymly täsir etdi. Men gysga wagtyň içinde Türkmenistanda ikinji gezek bolýan we bu ýurduň myhmansöýerligine hem-de halkyň sungata bolan söýgüsine haýran galýaryn.

—Türkmenistan barada nähili täsirler galdy?

—Örän ýakymly täsirler. Maňa Türkmenistan diýseň ýarady. Haçan-da, men konserwatoriýada okaýarkam, türkmenistanly deň-duşlarym Aşgabat baradaky suratly şekilleri görkezerdiler. Men şonda bu ýerde bolup görmegi arzuw ederdim, ine-de, arzuwlarym wysal tapdy. Bu topraga gadam basanymda, göýä öz mähriban ýurduma gelen ýaly boldum, ýogsa Türkmenistana diňe ikinji gezek gelşim.

Ak mermer ertekiler şäheri diňe bir iň owadan şäherleriň biri hökmünde däl, eýsem, ajaýyp adamlaryň ýaşaýan ýeri — Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty hökmünde hem hemişelik kalbymda galar. Men sahnada aýdym aýdan pursadym hem türkmenistanlylaryň ýürekdeşligini we hoşniýetliligini duýdum.

—Rigina, siziň portalymyzyň okyjylaryna nähili arzuw-islegleriňiz bar?

—Men “Türkmenportalyň” okyjylaryna berk jan saglygyny we bagt arzuw edýärin. Portalyň döredijilik kollektiwine bolsa okyjylaryňyzyň hakyky ýardamçysy we dosty boljak peýdaly we ygtybarly habarlaryň köpräk bolmagyny arzuw edýärin. Goý, siz barada diňe gowy pikirde bolsunlar we okyjylaryňyzyň sany barha artsyn!

—Rigina, söhbetdeşlik üçin köp sag boluň. Portalymyzyň köp sanly okyjylarynyň adyndan size täze döredijilik üstünliklerini, hemişe şeýle owadan, şadyýan bolmagyňyzy, ýygy-ýygydan Türkmenistana gelip, öz ajaýyp sesiňiz bilen bizi begendirip durmagyňyzy arzuw edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru