Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ak mermerli paýtagtyň iň gözel künjekleriniň birinde “Arkadag” diýen täze medeni we dynç alyş seýilgähi açyldy

07:4430.06.2015
0
6618

29-njy iýunda Aşgabat şäheriniň merkezinde, ak mermerli paýtagtyň owadan künjekleriniň birinde — Bitaraplyk we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän töwereklerinde “Arkadag” diýen medeni we dynç alyş täze seýilgäh peýda boldy.

Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli uly baýramçylyga gatnaşdylar. Bu seýilgäh açyk asmanyň astynda medeni çäreleri geçirmek we dynç almak üçin ähli ýokary talaplara laýyk gelýän häzirki zaman şäher binagärlik-seýilgäh toplumynyň özboluşly ajaýyp görnüşi bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň giň jemgyýetçiliginiň köpsanly arzuw-islegleri boýunça seýilgähiň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna “Arkadag” diýlip atlandyrylmagy özboluşly mana eýedir.  

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan paýtagtymyzy ösdürmegiň uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasy hil taýdan täze, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge, döredijilikli zähmeti we dynç almagy üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Durmuş-medeni ähmiýetli täze desga 7 gektar meýdanda ýerleşip, belent binalaryň—ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň dolandyryş binalary bilen binagärlik toplumyny özboluşly jemleýär.

Seýilgähiň ajaýyp taslamasy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Aşgabatabatlaýyşgurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Ussat” golçur kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Iň döwrebap inžener-binagärlik çözgütlerine we innowasion tehnologiýalaryna laýyklykda gurlan seýilgäh bagy-bossanlyga bürelen uly çäklerde ýerleşen desgalaryň toplumyndan ybaratdyr. Täsir galdyrýan görnüşler dessine merkezi girelgäniň giň basgançaklarynyň aňyrsynda açylýar. Ol ýerde Oguzhanyň sekiz burçly ýyldyzy görnüşinde suw çüwdürimleri deň ikä bölünip, olaryň arasynda sekiz metrlik sagatly diň oturdylypdyr.

Uly dabaraly çäreleri geçirmek üçin giň meýdançany belent arka gurluşy bezeýär. Olarda äpet monitorlar oturdylypdyr. Bu ýerde hemme zat seýilgähe gelýänleriň dynç almagy üçin gurnalypdyr—bezeg yşyklandyryjylar we amatly oturgyçlar goýlupdyr. Seýil edilýän ýodalar hersi 50 orunlyk bolan kafeleriň ikisine tarap alyp barýar. Şol ýerde göwün islegiňe görä, süýji-köke önümlerini we şireli suwlary, ýakymly ysly kofeden peýdalanyp bolýar.

Elbetde, taslamany düzüjiler çagalara aýratyn üns beripdirler. Körpeleriň saglygy üçin howpsuzlyk maksady bilen, ýörite tehnologik örtükler düşelen  çagalaryň oýun meýdançalarynyň ikisi dürli belentlikler we hiňňillikler, ýeňil bedenterbiýe maşklary üçin enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde şeýle hem maşgala bolup dynç almak üçin nepis telärler gurlupdyr.

Hemme ýerde gül toplumlary hem-de bezeg we ýerli baglaryň ýaş   nahallary ekilipdir. Olar ýakyn geljekde bu ýerde ösüp ýetişip bagy-bossanlyk döreder.

Adamlar hakda, şol sanda ýaş nesiller hakynda alada, dynç almaga amatly ýagdaýy we oňaýly şertleri döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň wajyp ugurlary bolup durýar. Täze “Arkadag” seýilgähi bu maksatlara doly derejede gabat gelýär.

Baýramçylygyň özi paýtagtymyzyň şaýoly boýunça köpçülikleýin ýörişden başlandy. Oňa hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar gatnaşdylar.

Paýtagtymyzyň döredijilik we çagalar toparlary myhmanlary aýdym-saz çykyşlary bilen garşylaýarlar. Soňra dabaraly sazyň we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen toý bagy kesilýär we “Arkadag” seýilgähi açylýar. Şol pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar.

Soňra meýdançada ýaýbaňlanan uly konsert şu günki dabaranyň baýramçylyk pursadyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sungat ussatlary, zehinli artistler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan edebi-sazly çykyşy görkezdiler. Ýaş artistleriň ýerine ýetirmeginde paýtagtymyz Aşgabat we eziz Arkadag baradaky joşgunly aýdymlar ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň