Türkmenistanly oýunçy Russiýanyň Milli futbol ligasynyň topary bilen şertnamasyny uzaltdy

0
950
18
0

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ozalky oýunçysy Wýaçeslaw Krendelew “Luç-Energiýa” bilen şertnamasyny uzaltdy diýlip Russiýanyň MFL-nde çykyş edýän Wladiwastogyň toparynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Wýaçeslaw Krendelew 1982-nji ýylyň 24-nji iýulynda Aşgabatda doguldy. 5 ýaşyndan futbol sport mekdebine gatnap başlady. 2000—2002-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň IIM-niň “Galkan” toparynda çykyş etdi. 2003-nji ýylda Aşgabadyň “Nisasyna” geçdi. 2004—2006-njy ýyllar aralygynda Gazagystanyň “Tarasynda” oýnady. Soňra Groznynyň “Teregine” geçdi we 2007-nji ýylda birinji diwizionynda 2-nji orny eýelän bu topar bilen Russiýanyň Premýer ligasyna çykdy. Ýylyň ahyrynda “Amkaryň” oýunçysy boldy, ýöne Permiň toparynda bir duşuşyk hem geçirmedi. 2009-njy ýylyň martynda bir ýyllyk möhlet bilen kärendesine Lipeskiniň “Metallurgyna” geçdi. 2011-nji ýylyň 13-nji fewralynda Wladiwastogyň “Luç-Energiýa” toparyna bardy. Bu klubuň düzüminde çempionatda 41, kubok ýaryşynda 3 duşuşyk geçirip, 2 pökgi geçirdi. 2012-nji ýylyň iýulynda Habarowskiniň “SKA — Energiýa” topary bilen şertnama baglaşdy. 2013-nji ýylyň 17-nji iýulynda “Luç-Energiýa” dolanyp geldi. Geçen möwsümde gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda alan şikesi sebäpli, W. Krendelew “sary-gökleriň” düzüminde MFL-de 13 duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndaky çykyş barada aýylanda, Wýaçeslaw Krendelew ýurduň esasy toparyna 2004-nji ýylda çagyryldy. Şol ýylyň özünde hem Hytaýda geçirilen Aziýanyň Kubogynyň final böleginde çykyş etdi. 2008-nji ýylyň awgustynda AFK-nyň Çagyryş Kubogynda Owganystana garşy oýunda milli ýygyndyda ilkinji pökgüsini geçirdi. 2011-nji ýylyň 23-nji iýulynda Dünýä çempionaty — 2014-iň saýla böleginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ikinji pökgüsini geçirdi, şonda ol Indoneziýanyň ýygyndysyna garşy duşuşykda tapawutlandy.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru