“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara atçylyk sport toplumy halkara baýragyna eýe boldy

0
1072
7
0

“Türmken atlary” döwlet birleşiginiň Halkara atçylyk sport toplumy “Intellektual eýeçiliginiň çäginde iň gowy kärhana” atly baýraga mynasyp boldy. Bu abraýly halkara baýragy Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy (WIPO) tarapyndan döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň bu hökümetara ýöriteleşdirilen guramasy intellektual eýeçilik ulgamynda esasy halkara konwensiýalaryň birnäçesini dolandyrmak bilen meşgullanýar.

Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň Baş direktory Frensis Garriniň WIPO-nyň baýragyny gowşurmak dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu baýrak Halkara atçylyk sport toplumyna sebitde iň gowy kärhanalaryň biri hökmünde gowşuryldy. Bu toplum özüniň esasy işiniň ugry boýunça, şeýle hem innowasion täjirçilik we marketing strategiýalaryny durmuşa geçirmekde intellektual eýeçilik ulgamynyň, mahabat işiniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak ulgamynda uly üstünliklere eýe boldy.

Ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy 1967-nji ýylda döredildi. Bu guramanyň esasy maksady ähli ýurtlaryň ykdysady, durmuş we medeni  ösüşiniň möhüm guraly bolup durýan intellektual eýeçiligi netijeli ulanmaga we goramaga ýardam etmekden ybaratdyr. WIPO-nyň işinde  intellektual eýeçilik ulgamynda halkara kanunlary we kadalary işläp taýýarlamaga, intellektual eýeçilige degişli meseleleri milli ösüş maksatnamalaryna goşmaga uly üns berilýär. Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri WIPO-nyň agzasy bolup durýar.

Halkara atçylyk sport toplumy – Merkezi Aziýadaky iň iri atçylyk merkezi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe boldy.  Bu kanunalaýyk ýagdaýdyr: mälim bolşy ýaly, hut şu ýerde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjeklerde müňlerçe ýyl mundan ozal adamzat siwilizasiýasynyň medeni atçylygynyň gözbaşy peýda boldy we meşhur ahalteke atlarynyň taryhy mekany şu ýerler bilen baglanyşyklydyr. Meşhur “ganatly bedewler”  häzir hem türkmenleriň aýratyn buýsanjy, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolmagynda galýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru