Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

07:3513.06.2015
0
5461

Bakuda iş sapary mahalynda döwlet Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşýän  “Four Seasons Baku” myhmanhanasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Bakuwa gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň duşuşygy geçirildi.

Iki ýurduň Liderleri doganlarça salamlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça pikir alyşdylar, bu hyzmatdaşlyk bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan iki doganlyk halkyň ruhy-medeni umumylygy, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda ýola goýlan ýokary ynama we özara düşünişmäge esaslanýan  türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň  ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. 

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini,  özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  Kuwwatly dostluk we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ägirt uly üstünliklerini kanagatlanmak bilen belläp, söhbetdeşler ýokary we hökümet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine ýokary baha berdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün Azerbaýjanda şanly waka bolup geçýär – sportuň taryhynda I Ýewropa Olimpiýa oýunlary – 2015-iň  açylyşy bolýar. Sport dürli ýurtlaryň halklaryny birleşdirýän parahatçylygyň ilçisidir. Häzirki döwürde sport dünýäniň dürli döwletleriniň parahatçylykda ýaşaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar diýip aýtmak bilen, türkmen Lideri bu möhüm sport çäresiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Öz nobatynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutany bilen şu duşuşygyň uly ähmiýete eýedigini  belledi. Biz dostlukly Azerbaýjanyň halkyny we türkmen halkyny öz doganlarymyz  hasaplaýarys diýip, türk Lideri aýtdy.  Dünýä sportunda, hakykatdan-da, taryhy waka bolan bu ýaryşlaryň ýokary derejede geçiriljekdigine ynanýaryn diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi. 

Döwlet Baştutanymyz üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklary barada aýtmak bilen, şu ýylyň mart aýynda Türkiýä bolan resmi saparynyň ähli ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi. Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk-azerbaýjan hyzmatdaşlygy babatda aýtmak bilen, Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylyň iýun aýynda Bodrum şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygynyň ähmiýetini nygtady, ol üç dostlukly döwletiň gatnaşyklarynda hil taýdan täze tapgyryň açylýandygyny alamatlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň ikinji üçtaraplaýyn duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen 2015-2017-nji ýyllar üçin türkmen-azerbaýjan-türk Çarçuwaly maksatnamasynyň oňat netijeleri berjekdigini belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleriniň  Hazaryň türkmen kenarynda duşuşygyny geçirmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy. 

Türkmen Lideri halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  netijeli häsiýetini belläp,  ýurdumyza ýakynda Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň 3-nji iýunda geçirilen 69-njy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň 193-si tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy”  Kararnamasy biragyzdan kabul edildi, onuň awtordaşlary hökmünde dünýäniň 47 ýurdy çykyş etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, bu möhüm resminamany Türkiýe Respublikasynyň goldandygy üçin öz türk kärdeşine minnetdarlygyny beýan etdi. Milli Liderimiz şeýle hem Prezident Rejep Taýyp Ärdogany türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga ýene-de bir gezek çagyrdy, ol Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriler.

Türkiýe Respublikasynyň lideri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aýyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň işine gatnaşan  dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Türkiýäniň wekilleriniň  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany makullap, Türkmenistanyň Bitaraplyk  hukuk derejesini ýene bir gezek  goldaýandyklaryny  tassyklandyklary bilen gutlady, munuň özi diňe doganlyk türkmen halky üçin däl-de, eýsem, türkmen döwletiniň sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen  parahatçylyk, dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny  ykrar edýän halkara jemgyýetçiligi üçin hem möhüm waka bolup durýandygyny Türkiýäniň Baştutany belledi. Şeýle hem türk Lideri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynda geçirilýän çärelere gatnaşýandygy üçin hoşallygyny bildirdi. 

Dostlukly ýurtlaryň öňde boljak üçtaraplaýyn duşuşygynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen,  Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bu wakanyň türk-türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygyň, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşini belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow  we Rejep Taýyp Ärdogan  iki dostlukly ýurtda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän işewürlik forumlarynyň ähmiýetini nygtadylar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz şu aýda Aşgabatda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň däp bolan sergisiniň nobatdaky gezek döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary mümkinçiliklerini görkezjekdigini aýtdy.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary energetika pudagynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garamagyň maksada laýykdygyny nygtadylar. Türkmen Lideri häzirki wagtda iri türk kompaniýalarynyň milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary iki ýurduň arasyndaky barha ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygynyň kanagatlanmak bilen belledi.

Iki  ýurduň geografiýa we geosyýasy taýdan amatly ýerleşýändiklerini nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda birleşdiriji bolup durýan Hazar sebitiniň ägirt uly ykdysady we energetika kuwwatlyklary bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary   iki dostlukly ýurduň abadançylygyna we tutuş sebitiň durnukly ösüşine ýardam berýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky pikiri aýtdylar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy görkezdiler. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn esasda işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi belläp, döwlet Baştutanlary bilelikde amala aşyrylýan iri taslamalaryň birnäçesini mysal hökmünde görkezdiler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly, Türkiýede gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek babatynda dogry ýoly saýlap alan doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanylýar. Häzirki wagtda türkmen döwleti ynamly öňe barýan ýurduň ajaýyp nusgasydyr diýip, türk Lideri belledi. Şeýle hem  Türkiýe Respublikasynyň Baştutany özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady  gatnaşyklaryň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň ýurtlarymyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky orunlarynyň berkidilmegini şertlendirjekdigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi. Iki doganlyk halkyň baý, medeni we ruhy mirasy  ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat  bolup hyzmat edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türk hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda metjidiň gurulmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky ruhy gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar.     

Iki ýurduň Liderleri söhbetdeşligiň barşynda sport we syýahatçylyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň möhümdigini bellediler. Türkmenistanyň sport babatda gazananlary barada aýtmak bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen türgenleriniň soňky döwürde halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türk Lideri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistandan gelen türgenleriň Türkiýede geçirilen sport bäsleşiklerinde eden şowly çykyşy bilen gutlady. Türk hünärmenleriniň pikirine görä, türkmen türgenleri ýokary taýýarlyk derejesi bilen tapawutlanýanlar diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň sazlaşykly ösmegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýändigini belläp, türk kärdeşine ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de  Rejep Taýyp Ärdogan iki döwletiň köpasyrlyk dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk  gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, doganlyk halklara döredijilik hem-de  ösüş ýolunda bagt, abadançylyk we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň