Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygynydy topary (U-19) Saud Arabystanynda Aziýa çempionaty — 2016-a ýollanma gazanmak ugrunda göreşer

17:3905.06.2015
0
3207

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň (U-16) Aziýa çempionaty — 2016-nyň saýlama duşuşyklaryndaky garşydaşlarynyň kimlerdigini bileninden bir sagat soň, Malaýziýanyň paýtagtynda ýerleşýän AFK-nyň ştab-kwartirasynda Aziýa çempionatynyň ýaşlaryň arasyndaky (U-19) saýlama böleginde bije çekildi.

Bijäniň netijesi boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy “B” toparça düşdi. Onuň garşydaşlary Ýemeniň, Saud Arabystanynyň we Siriýanyň toparlary bolar. Duşuşyklar 2—6-njy oktýabr aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler.

Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty — 2016-nyň saýlama bölegine 10 toparça bölünen 43 topar çykyş eder (25-si Günbatar zolakda, 18-si Gündogar zolakda).

Ýaşlaryň arasyndaky (U-19) Aziýa çempionaty —2016-nyň saýlama böleginiň bijesiniň netijeleri:

Günbatar zolak

“A” toparça: Özbegistan, Bangladeş, Pakistan, Şri-Lanka (ýer eýesi), Butan.

“B” toparça:  Ýemen, Saud Arabystany (ýer eýesi) TÜRKMENISTAN, Siriýa.

“C” toparça: BAE, Palestina (ýer eýesi), Hindistan, Owgansytan.

“D” toparça: Katar (ýer eýesi), Oman, Liwan, Gyrgysyztan.

“E” toparça: Eýran (ýer eýesi) Kuweýt, Iordaniýa, Nepal.

“F” toparça: Yrak, Bahreýn, Maldiwler, Täjigistan(ýer eýesi).

Gündogar zolak

“G” toparça: Mýanma, Wýetnam, Gonkong, Bruneý, Gündogar Timor.

“H” toparça: Tailand, Koreýa Respublikasy, Singapur, Taýwan Demirgazyk Marian adalary.

“I” toparça:  KHDR, Hytaý, Malaýziýa Makao.

“J” toparça: Ýaponiýa, Awstraliýa, Filippinler, Laos.

Saýlama bölegiň netijeleri boýunça 2016-njy ýylda Bahreýnde geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky Aziýa (U-19) final bölegine 10 toparçanyň hersiniň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy topar gatnaşar.

Toparçadaky saýlama duşuşyklary 28-nji sentýabr —  6-njy oktýabr aralygynda geçiriler.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň