Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million 467 müň dollaryndan gowrak boldy

0
459
0
0

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, az kükürtli ýakylýan mazudy satyn aldylar. Beýik britaniýaly, singapurly işewürler Seýdiniň nebiti gaýdan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini, Türkiýäniň we Täjigistanyň işewürler toparynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi we tehniki polipropilen haltasyny (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, pagta süýümi we pagta şroty ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Malta, Owganystan, Gyrgyzystan, Gruziýa we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million 467 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine pakistanly işewürler umumy bahasy 476 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru